Habarlar
Makalalar
Media
Anons
Tehnologiýalar
Biz barada
Habarlaşmak üçin
Şu günler Türkmenistanyň Inženerçilik-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň we Türkmenbaşy şäheriniň Deňizçilik orta hünär okuw mekdebiniň talyplary «Deňiz söwda floty» paýdarlar jemgyýetiniň «Çarlak» ýolagçy gämisinde tejribelik geçýärler. Bu barada «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň saýtynda habar berilýär.
«Deňiz söwda floty» paýdarlar jemgyýetiniň kapitanlary talyplara tälim berýärler, gämini dolandyrmak boýunça bilimlerini we başarnyklaryny paýlaşýarlar, şeýle hem ýolagçylara hyzmat etmegiň düzgünleri bilen tanyşdyrýarlar. Ýaş deňizçiler geljekki hünärmenlerdir. Olar ýene birnäçe ýyldan Türkmenistanyň deňiz we derýa ulaglary ulgamynda yhlasly zähmet çekerler we alan nazary bilimlerini iş ýüzünde peýdalanarlar.
ORIENT news
