Iň täze habarlar

Türkiýedäki ýertitreme: bir ýyldan soň näme üýtgedi

21.02.2024 | 08:32 |
 Türkiýedäki ýertitreme: bir ýyldan soň näme üýtgedi

Bir ýyl mundan ozal Türkiýäniň Günorta-Gündogarynda soňky ýüz ýylda dünýäde iň güýçlileriň biri we ýurduň taryhynda iň weýrançylykly üç sany ýertitremesi boldy.

Soňky gulluk iş saparynda men tebigy hadysadan ejir çeken üç welaýata - Kahramanmaraşa, Adyýamana, Malatýa baryp gördüm hem-de bu sebitlerde adamlaryň häzir nähili ýaşaýandygy, bir ýylyň içinde nähili işleriň edilendigi bilen tanyşdym.

Ilkinji 7,7 derejeli ýertitremesi 2023-nji ýylyň 6-njy fewralynda Kahramanmaraşda bellige alyndy. Soňra birazsalymada Gaziantepde 6,5 derejeli ýertitremesi bellige alyndy, birnäçe sagatdan soňra bolsa, Kahramanmaraşda 7,6 derejeli ýertitremesi gaýtalandy.

Betbagtçylykly hadysa netijesinde Türkiýede 53 müň 537 adam gurban boldy, 107 müňden gowrak adam ýaralandy. Ýene-de 14 mln adam ejir çekenler diýlip ykrar edildi.

Ýertiteremesi jemi 18 welaýata täsirini ýetirip, olardan 11-si – Kahramanmaraş, Hataý, Adyýaman, Osmaniýe, Gaziantep, Şanlyurfa, Malatýa, Diýarbakyr, Adana, Kilis we Elazyg welaýatlary has köp ejir çekenler boldy.

Ýertitremeleri diňe bir Türkiýede däl, eýsem, Siriýada, Ysraýylda, Liwanda, Yrakda, Gruziýada, Ermenistanda, Kiprde, hem-de Gazagystanyň Gündogarynda hem duýuldy. Ýertitremesi şeýle bir güýçli boldy welin Türkiýä ýakyn ýerleşýän Siriýada 8,05 müň adam ýykylan binalaryň aşagynda galyp, gurban boldy.

Biziň münen uçarymyz Kahramanmaraşyň howa menziline gelip gondy. Ýertitremesinde bu howa menziline güýçli zeper ýetdi we wagtlaýynça raýat ugurlary üçin ýapyldy. Ýöne, az wagtdan howa gatnawy ýola goýuldy.

Şähere gelenimizde welaýatyň gubernatory jenap Mükerrem Üllüer garşy aldy hem-de metbugat maslahatyna çagyrdy.

Gubernatoryň aýtmagyna görä, iki ýertitremäniň netijesinde Kahramanmaraşda 12718 adam wepat boldy. 1177436 adamyň ykbalyna öz täsirini ýetirdi.

Tutuş Kahramanmaraş boýunça jemi 53945 bina zeper ýetdi. Hususan-da, 7491 bina tutuşlygyna weýran boldy, 4434 bina weýran bolmagyň bäri ýanynda, 6048 bina ortaça zeper ýeten we 35972 bina güýçli zeper ýeter diýlip bellige alyndy.

Häzirki wagtda ýykylan we ulanmaga ýaramaýan binalaryň böleklerini aýyrmak işleri tamamlanyp, güýçli zeper ýeten binalary ýykyp, olaryň galyndylaryny çykarmak işleri dowam edýär, mundan başga-da, 3661 bina kazyýet-barlag seljerişini geçýär.

Öýsüz galan adamlary mekdeplerde we başga binalarda ýerleşdirdiler. Olara brezent çadyrlaryny paýladylar, soňra bolsa, konteýner şäherjiklerine göçürdiler.

Ýertitremesiniň netijesinde gazgeçirijisinde bolan partlamadan soňra tutuş şäher gazsyz galdy. Türkiýäniň nebir we gazgeçirijileri boýunça BOTAŞ döwlet kompaniýasy zerur abatlaýyş işlerini geçirdi we 9-njy fewralda şähere tebigy gaz berildi. Öz gezeginde, Kahramanmaraşyň ARMADAŞ gaz kompaniýasy şäheriň paýlaýjy ulgamlarynda degişli işleri gysga wagtda tamamlap, çörek fabriklerine, mekdeplere we umumy ýaşaýyş jaýlaryna tebigy gaz ulgamyny birikdirdi.

Ýertitremesinden 20 gün soňra sähel zeper ýeten we zeper ýetmedik ähli binalara tebigy gaz ulgamy birikdirildi, häzirki wagtda ulanmaga taýýar edilen 7000 jaýa tebigy gaz ulgamy çekildi.

AKEDAŞ elektroenergetika kompaniýasy energiýa ulgamyň zeper ýeten ýerlerini kesgitläp, degişli işlere girişdi. Ýertitremeden 72 sagat soňra şäheriň 93 göterimi elektrik energiýasy bilen üpjün edildi, 15 günden soňra bolsa ähli elektrik ulgamlary işe girizildi.

Elektrik geçiriji ulgamyň zeper ýeten böleklerini abatlamak we çadyrlara, çadyr we konteýner şäherjiklerine elektrik ulgamyny birikdirmek işlerine şahsy düzümden 917 adam hem-de 164 ulag serişdesi we Türkiýäniň dürli sebitlerinden bilelikdäki toparlar gatnaşdy. Ýertitremesinden soňra ilkinji 15 günde 43 sany dürli ýerde ýerleşdirilen 10324 çadyra elektrik togy berildi.

Medeniýet we syýahatçylyk ministrliginiň medeni miras we muzeýler boýunça baş müdirliginiň tabşyrygy bilen bilermenler toparlary Kahramanmaraş şäheriniň merkezinde we etraplarynda barlag işlerini geçirdiler hem-de tebigy hadysanyň ýetiren zeperini kesgitlediler. Barlaglaryň netijelerine görä, bellige alnan 534 gozgalmaýan obýektlere zeper etipdir. Olaryň 50-si tutuşlygyna weýran bolupdyr, 244-sine düýpli zeper, 113-sine orta derejeli zeper 65-sine ýeňil zeper ýetipdir, 62-sine bolsa hiç hili zeper ýetmändir.

Iň köp zeper Kahramanmaraşyň medeni mirasyna ýetipdir.

Ähli bazarlar, aýratyn-da Uly bazar şäher häkimligi tarapyndan dikeldiler.

58 sany binýatly desgalara (34 metjit) ýeten zepere baha berildi, olaryň 28-si Gaznalaryň baş müdirliginiň eýeçiliginde. Şäheriň baş metjidi—Uru metjidi bolsa gaznalaryň Gaziantep sebit müdirligi tarapyndan abatlanyldy.

Ynsanperwerlik kömegi şähere 8615 ýük ulagynda getirildi, tutuş welaýat boýunça 111077833 nahar paýlanyldy, 11914 adama ESEN CARD berildi.

Ýertitremesinden soňra ikinji günde Türkmenistan “Türkmenhowaýollarynyň” IL-76 kysymly ýük uçary bilen ynsanperwer kömegini iberdi wk şeýle gatnawlar birnäçe gezek amala aşyryldy. Ýurdumyz şeýle hem 10 adamdan ybarat lukmanlar toparyny, 20 müň kilogram derman serişdelerini, 2 ýük uçaryny ugratdy. Şeýle hem Türkmenistan doganlyk halka 165325 dollar möçberindäki maliýe kömegini berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bolup geçen ýertitreme zerarly Türkiýäniň ýolbaşçylaryna çuňňur gynanç bildirdiler. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyz Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna Türkiýä kömek ibermek başlangyjyny öňe sürdi.

Maşgala we durmuş hyzmatlary müdirligi ýertitremesinden soňra, 849364 raýata dürli goldawy bermek boýunça hyzmatlary üpjün etdi. Kahramanmaraş welaýatynda Türkiýäniň Içeri işler ministrliginiň adatdan daşary ýagdaýlar we tebigy hadysalaryň netijelerini aradan aýyrmak boýunça müdirliginiň ýetirilen zyýan üçin her maşgala töleýän töleginiň möçberi 251011 adam üçin 2510110000 türk lirasy bolup durýar. Bu tölegler göçmek hem-de maşgala agzalaryny jaýlamak üçin niýetlenendir. Jaý kireýiniň tölegine kömek hökmünde jemi 71717896553048 türk lirasy, şol sanda 1328438000 lira, 25304 öý eýesine hem-de 920519000 lira, 28766 kärendeçilere tölendi.

Bu welaýat esasan oba hojalygy bilen meşgullanýandygy üçin Oba we tokaý hojalygynyň welaýat müdirligi maldarçylyk pudagyny goldamak üçin 445620410 türk lirasyny, balykçy gaýyklaryny satyn almak üçin 29887500 türk lirasyny we ekerançylygy goldamak üçin 569755137 türk lirasyny maliýe kömegi hökmünde bölüp berdi.

Şeýle hem 15206 ownuk şahly mallary, 1085 iri şahly mallary, 5648 ene arysyny we 22592 aryny ýerleşdirmek işleri dowam edýär.

Ýertitremesinden soňra senagat kärhanalarynyň işini dikeltmek boýunça goldaw berildi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany Rejep Taýyp Ärdoganyň Permany bilen kiçeňräk önümçilik meýdançalary, hususan-da, 18000 gektara golaý meýdanly zolaklar senagat zolaklary diýlip yglan edildi.

Türkiýäniň TUTAŞ kompaniýasynyň harby senagaty ulgamynda geçiren gepleşikleriniň netijesinde şähere täze maýa goýumlary çekmek boýunça işler dowam etdirilýär.

Kahramanmaraş ýüzýyllygyň betbagtçylygyny başdan geçirdi. Ýöne, ol ýene-de aýaga galar we biz ýüzýyllyklaryň maýa goýumlaryny çekeris diýip, Mükerrem Ünlüer belledi.

Türkiýe Respublikasynyň ykdysady kuwwaty we häkimiýet tarapyndan görülýän çäreler ýertitremesiniň galdyran täsirini adamlara maddy we ykdysady taýdan ýatdan çykarmaga kömek berýär diýip pikir edýärin. Häzirki wagtda weýran bolan binalaryň ýerinde täze jaýlar gurulýar, ejir çeken 11 welaýatyň şu ýylyň ýanwar aýyndaky eksporty bolsa ozalky görkezijiden 2,3 göterim köp boldy. (Anadolu agentligi Türkiýäniň eksport assambleýasynyň maglumatlaryna salgylanyp habar berýär).

Ýertitremesini ruhy taýdan ýatdan çykarmak bolsa wagt eglese gerek, çünki jemgyýetde bolup geçen betbagtçylyk baradaky ýatlamalaryň we onuň gaýtalanyp bilýäjek gorkusynyň täsiri örän uly.

Ýertitremesinden ejir çekenlere haýyr-sahawat bermek üçin hasaplar häzirki wagtda hem hereket edýär we Türkiýäniň Içeri işler ministrliginiň Adatdan daşary ýagdaýlar we tebigy betbagtçylyklaryň netijelerini aradan aýyrmak boýunça müdirligi tarapyndan utgaşdyrylýar.

ORIENT news

Foto: surat awtoryňky

Şeýle hem okaň: