“Miras” žurnalynyň nobatdaky sany çap edildi
14.02.2024 | 09:56 |Çärýekde bir gezek neşir edilýän «Miras» ylmy-köpçülikleýin žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy. Onda halkymyzyň baý taryhy-medeni we ruhy mirasy boýunça täze açyşlar, barlaglaryň netijeleri baradaky makalalar ýerleşdirilipdir. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi mälim edýär.
Žurnalyň ilkinji sahyplarynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň şanly baýramlar mynaysbetli Gutlaglary ýerleşdirilipdir. Hytaýyň Ninsýa uniwersitetiniň prorektory wezipesinde işleýän professoryň “Magtymgulynyň danalygy we beýikligi Çyn-Maçyna ýetdi” atly makalasynda beýik türkmen şahyrynyň döredijilik mirasyny sarpalap Hytaýda geçirilen çäreler barada gürrüň berilýär.
“Soltan Sanjaryň syýasy-diplomatik ýörelgeleriniň binýatlyk ähmiýeti” atly makalada seljuklylar döwründe döwleti dolandyrmagyň ähmiýeti, Soltan Sanjaryň kakasynyň hem-de atasynyň weziri bolan Nyzamylmülküň “Syýasatnama” atly kitabyndan pähimler getirilýär.
Türkmen, iňlis we rus dillerinde, ýokary çap ediş usulynda neşir edilen “Miras” žurnalynyň nobatdaky sany owadan çeperçilik bezegleri, häzirki zaman sungat ussatlarynyň fotosuratlary, tapylgysyz muzeý, arhiw gymmatlyklarynyň şekilleri, kartografik suratlar bilen bezelipdir.
ORIENT news