Iň täze habarlar

Balkan welaýatynyň syrly täsinligi: Abu Bekir Şibli babanyň ýolundaky täsin hadysa

31.01.2024 | 12:43 |
 Balkan welaýatynyň syrly täsinligi: Abu Bekir Şibli babanyň ýolundaky täsin hadysa

Ýeriň dartylma güýji - hemişelik we üýtgewsiz hasaplanylýan fiziki kanunlaryň biridir. Ol Ýer ýüzünde bolup geçýän ähli tebigy hadysalara we janly-jandarlara degişlidir. Bu kanuna laýyklykda, çeşmeler, derýalar hem pesden beýige däl-de, beýikden pese akýandyrlar. Bu kanun hemme ýerde deň derejede ýörejek ýalydyr welin, Ýer ýüzünde fizikanyň kanunlaryna boýun egmeýän täsin ýerler hem bar. Şeýle ýerler alym Isaak Nýuton tarapyndan esaslandyrylan Ýeriň dartylma güýjüniň kanunyna ters gelýär.

Şeýle täsin ýerleriň biri Balkan welaýatynda, Magtymguly etrabyndan uzakda bolmadyk ýerde – Abu Bekir Şibli babanyň guburyna barýan ýolda ýerleşýär. Bu ýerde hereket adamyň kabul eden ýörelgelerine garşy gelýär – awtoulag beýikden aşaga gaýdyberjek ýalydyr welin, ol gaýtam pesden beýige öz-özi hereket edip başlaýar. Bu ýere suw guýsaň hem ol pese däl-de, beýige akýar. Ýerli ilat bu alamaty Abu Bekir Şibli babanyň gudratyndan nyşan diýip belleýärler.

“TRT” teleýaýlymynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň döredijilik topary bu ýerde bolup geçýän täsin tebigy ýagdaýlary wideoýazgy etdi.

Türkmenistandaky şunuň ýaly täsin ýerler dünýäniň beýleki ýurtlarynda hem duş gelýär. Mysal hökmünde, Özbegistandaky Padang obasyny, Ermenistandaky Aragas dagynyň etegini, Günorta Koreýanyň Çeju adasyndaky ýoly, Moldawiýanyň Orheýa diýen ýerini, Kiprdäki Ýeriň dartylma kanunyna garşy ýoly görkezmek bolar.

ORIENT news

Foto: “TRT” teleýaýlymynyň Türkmenistandaky wekilhanasy

Şeýle hem okaň: