Iň täze habarlar

Aşgabatda Watan goragçylarynyň güni mynasybetli çeperçilik sungatynyň eserleriniň sergisi açyldy

24.01.2024 | 15:59 |
 Aşgabatda Watan goragçylarynyň güni mynasybetli çeperçilik sungatynyň eserleriniň sergisi açyldy

22-nji ýanwarda Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde her ýyl 27-nji ýanwarda bellenilip geçilýän Watan goragçylarynyň güni mynasybetli Türkmenistanyň halk suratkeşleriniň eserleriniň sergisi açyldy.

Sergide ýurdumyzyň meşhur suratkeşleri Ýarly Baýramowyň, Walentin Kudrýaşowyň, Arslan Muhadowyň, Gulnazar Begmyradowyň, Nikolaý Çerwýakowyň, Aşyr Nuryýewiň, Wladimir Pawloskiýniň, Ýewgeniýa Adamowanyň, Jumadurdy Amandurdyýewiň, Çary Öwwäýewiň we Yzzat Gylyjowyň eserleri görkezilýär. Şeýle hem sergide heýkeltaraşlar Artur Abramowyň we Alekseý Şetininiň eserlerine orun berildi. Suratlarda türkmen söweşijileriniň portretleri we esgerleriň ýeňiş bilen öýlerine dolanyp gelýän pursatlary şöhlelendirilýär.

«Häzirki wagtda biz Garaşsyz we abadan ýurtda ýaşaýarys. Medeniýet ulgamy çalt depginler bilen ösýär, halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrylýar. Muny gahryman ata-babalarymyzyň hatyrasyna goýulýan ägirt uly hormat hasaplaýaryn» diýip, muzeýiň ylym bölüminiň başlygy Maýsa Öräýewa gürrüň berdi.

ORIENT news

Foto: museum.gov.tm

Şeýle hem okaň: