Iň täze habarlar

Türkmenistanyň we Kataryň medeniýet ministrleri ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meselelerini maslahatlaşdylar

23.01.2024 | 10:30 |
 Türkmenistanyň we Kataryň medeniýet ministrleri ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meselelerini maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň medeniýet ministri Atageldi Şamyradow katarly kärdeşi Abdulrahman bin Hamad al-Tani bilen duşuşdy. Ministrler medeniýet ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meselelerini maslahatlaşdylar. Bu barada “Gulf Stream” neşiri mälim edýär.

Düýn Katar Döwletinde “EXPO-2023” sergisiniň çäklerinde Gyrgyzystanyň Medeniýet günleri açyldy. Halk döredijiliginiň toparlarynyň gatnaşmagynda geçirilen çäre Futbol boýunça Aziýanyň Kubok ýaryşyna bagyşlanýar.

Türkmenistan we Katar soňky ýyllarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy köptaraplaýyn görnüşde giňeltmek boýunça geçirilýän giňişleýin çäreleriň çäginde ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürýärler. Aşgabat we Doha gyzyklanmalarynyň gerimi diňe bir energiýa, ulag, ylmy we tehniki hyzmatdaşlyk bilen çäklenmän, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy hem öz içine alýar.

ORIENT news

Foto: gulf-times.com

Şeýle hem okaň: