“Samsung” kompaniýasy emeli intellektli täze smartfonlaryny tanyşdyrdy
18.01.2024 | 17:41 |Tehnologiýalar dünýäsinde her ýyl sabyrsyzlyk bilen garaşylýan “Galaxy Unpacked” atly möhüm ähmiýete eýe bolan täze tehnologiýalaryň tanyşdyrylyş çäresi geçirildi.
Onda Koreýa Respublikasynyň “Samsung” kompaniýasy “Galaxy AI” atly emeli intellekt ulgamy ornaşdyrylan “Galaxy S24” modelli täze smartfonlaryny tanyşdyrdy.
Bu smartfon kompaniýanyň özbaşdak emeli intellekt ulgamy ornaşdyrylan ilkinji ykjam telefonydyr. Ol “Aýla we tap” (Circle to Search) tehnologiýasynyň binýadynda “akylly” gözleg ulgamyndan peýdalanmaga mümkinçilik berýär. Bu ulgam “Google” kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda döredilipdir. Indi maglumat gözleýjide (brauzerde) maglumat soramak üçin ýazgy ýazyp oturmak gerek däl. Munuň üçin multimediýa mazmunly materiala tomaşa edilip durka, bilmek isleýän zadyň ýüzüni belgilemek ýeterlikdir.
Emeli intellekt “Samsung Notes” goşundysyndaky belliklerdir ýazgylar bilen işleşmäge-de ýardam eder. Ol ýazgynyň esasy mazmunyny kesgitläp, orfografiki ýalňyşlary tapyp biler. Ol şeýle hem ýazgydaky esasy manyny we ähmiýetli maglumatlary çykaryp berer.
Täze smartfonda surata almagyň we wideo düşürmegiň hilini gowulandyrýan “akylly” kamera hem ornaşdyrylandyr.
Mundan başga-da, täze smartfonlar wakanyň bolup duran wagtynda gürrüňleri we ýazgylary terjime edip bilýän hyzmaty bolan ilkinji ykjam telefondyr. Terjime edilen maglumat sesli we ýazgy görnüşde berilýär. Häzirki wagtda bu hyzmat arkaly jaňdaky we adaty gepleşikdäki gürrüňleri iňlis, ispan, fransuz, italýan, hytaý, ýapon, koreý dillerini, sebit dialektlerini goşmak bilen awtomatik ýagdaýda terjime edip bolýar.
Täze önümlerde ýazgylaryň reňkini we görnüşini üýtgedýän “Tone Changing” ulgamy bar. Täze modeliň ähli üç görnüşinde “Qualcomm” amerikan kompaniýasynyň “Snapdragon 8 Gen 3” prosessory ornaşdyrylandyr.
Täze modeliň kiçi görnüşinde göwrümi 6,2 dýuýma deň bolan “Dynamic AMOLED 2X FHD+” atly adaptiw ekran bar. “S24+” we “S24 Ultra” görnüşleri bolsa, degişilikde 6,7 we 6,8 dýuýmlyk “Dynamic AMOLED 2X Quad HD+” ekran oturdylandyr.
“Galaxy S24” smartfonynda durulygy 12 megapiksellik öňki kamera, 50, 12 we 10 megapiksellik hem esasy kameralar ornaşdyrylandyr. “S24+” görnüşli smartfonyň häsiýetnamasy hem edil şunuň ýalydyr. “S24 Ultra” smartfony bolsa, 200 megapiksellik giň ölçegli kamera we 50 megapiksellik goşmaça teleobýektiwe eýedir.
Täz modeliň kiçi görnüşiniň 4000 мА/s, “S24+-iň” 5000 мА/s, “Ultra” görnüşiniň hem 5000 мА/s kuwwatlykly batareýalary bar. “Galaxy S24-iň” we onuň “goşmak” görnüşi gara, çal, sary we gyrmyzy reňklerde alyjylara hödürlenýär. “S24 Ultra” smartfony titan çarçuwaly aýna korpusa eýedir. Täze modelli smartonyň kiçi modeliniň 8 + 128 GB / 256 GB / 512 GB, “S24+-iň” — 12 + 256GB / 512 GB, “Ultra” görnüşiniň hem 12 + 256 GB / 512 GB / 1TB göwrümli ýady bar.
13-nji fewrala çenli täze S24, S24 Plus we S24 Ultra-ny öňünden sargyt edip ýetişiň we Watch 6 sagady sowgat hökmünde alyň. Giňişleýin maglumat bilen Samsung kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi wekiliniň Instagram akkauntynda tanşyp bilersiňiz.
ORIENT news