Iň täze habarlar

2024-nji ýylda işgärleriniň ýerini emeli intellekt çalyşjak pudaklar belli edildi

18.01.2024 | 07:09 |
 2024-nji ýylda işgärleriniň ýerini emeli intellekt çalyşjak pudaklar belli edildi

PricewaterhouseCoopers (PwC) halkara maslahat beriş korporasiýasy 2024-nji ýylda işgärleriniň ýerini emeli intellekt çalyşjak pudaklary mälim etdi.

Geçirilen sowalnamanyň netijelerine görä, tutuş dünýäde kompaniýalaryň dörtden biriniň ýolbaşçylary emeli intellektiň ornaşdyrylmagy bilen 2024-nji ýylda kärhanalarda işgärleriň sany pesinden bäş göterim azalar diýip hasaplaýarlar.

Ilkinji nobatda emeli intellekt media, oýun-güýmenje, bank işi, ätiýaçlandyryş we logistika ýaly pudaklara täsirini ýetirer.

Sowalnama gatnaşanlaryň ýarsyndan gowragy emeli intellektiň ornaşdyrylmagy bilen, olaryň önümleriniň hiliniň ýokarlanjakdygyna umyt edýärler. Olaryň 69 göterimi emeli intellekti ornaşdyrmak bilen baglylykda, işgärler täze hünärleri özleşdirmäge mejbur bolar diýip, hasaplaýarlar.

Sowalnama gatnaşanlaryň 46 göterimi emeli intellektiň ulanylmagynyň kompaniýalaryň girdejilerini ýokarlandyrar diýip belleýärler, 47 göterimi bolsa, bu tehnologiýanyň täsiriniň örän ujypsyz boljakdygyny ýa-da hiç hili täsir etmejekdigini belleýärler.

ORIENT news

Foto: webiomed.ru

Şeýle hem okaň: