“Apple” geçen ýylda iň köp smartfon öndüren kompaniýa boldy
17.01.2024 | 11:33 |Geçen ýylyň netijeleri boýunça “Apple” kompaniýasy smartfon öndürijileriň arasynda öňdebaryjy boldy. Şeýle çaklamalary dünýäniň maglumat tehnologiýalary we telekommunikasiýalar bazaryny öwenmäge ýöriteleşen “International Data Corporation” (IDC) hödürleýär.
2023-nji ýylda “Apple” kompaniýasy 234,6 million smartfony sarp edijilere hödürläpdir. Bu ondan ozalky ýyldakydan 3,7 göterim ýokarydyr. Şeýlelikde, kompaniýa dünýäniň smartfon bazarynyň 20,1 göterimini öz önünmleri bilen eýeledi.
“Apple” bu görkeziji boýunça Günorta Koreýanyň “Samsung” korporasiýasyndan öňde barýar. “Samsung” geçen ýyl 226,6 million smartfony bazara çykardy. Bu 2022-nji ýyldakydan 13,6 göterim az bolup, ol dünýä bazarynyň 19,4 göterimini düzdi.
Üçünji orunda 2023-nji ýylda 145,9 million smartfony alyjylara hödürlän Hytaýyň “Xiaomi” kompaniýasy bar.
Geçen ýyl dünýäde jemi 1,17 million sany smartfon öndürildi. Bu görkeziji ondan ozalky ýyldan 3,2 göterim azdyr.
ORIENT news