Iň täze habarlar

Realme kompaniýasy brendi üýtgetmek boýunça birnäçe çäreleri amala aşyrdy we täze smartfonlary hödürledi

16.01.2024 | 22:23 |
 Realme kompaniýasy brendi üýtgetmek boýunça birnäçe çäreleri amala aşyrdy we täze smartfonlary hödürledi

Hytaýyň Realme kompaniýasy brendi üýtgetmek boýunça birnäçe çäreleri amala aşyrdy.

Kompaniýa özüniň nyşanynyň dizaýnyny täzeledi. Birnäçe takyk üýtgeşmeler goşuldy, bu bolsa brendiň nyşanyny has özboluşly etdi.

Şeýle hem Skaem Li tarapyndan esaslandyrylan kompaniýa özüniň “Dare to leap” şygryny “Make it real” şygary bilen çalyşdy.

“Make it real” şygarynyň saýlanyp alynmagy kompaniýanyň ýaş ulanyjylary has köp üns bermegi meýilleşdirýändigi bilen şertlendirilendir.

Rebredingden soňra tanyşdyrylan ilkinji innowasion önüm öňdebaryjy pereskoply teleobýektiwli realme 12 Pro boldy.

Realme 12 Pro smartfony gijelerine has dury wideo düşürmäge mümkinçilik berýär. Munuň üçin Sub-Wavelength Structure Coating optiki durnuklaşdyryş ulgamy ulanylýar.

Realme 12 Promyň kamerasy 71 millimetr focus aralykly 3X portret tertibi bilen üpjün ediler. Bu smartfonlar 120 esselik sanly zum bilen wideo we surata düşümäge mümkinçilik berer.

ORIENT news

Foto: trashbox.ru

Şeýle hem okaň: