Täze tehnologiýa islendik aýnany kamera öwürýär
15.01.2024 | 13:10 |Germaniýanyň "Zeiss" kompaniýasy "CES 2024" sergide "Holocam" atly täze tehnologiýasyny tanyşdyrdy. Ol islendik aýna ýüzüni kamera öwürmäge ukyplydyr. Özü-de, ol awtomobiliň ýa-da öýüň gapysynyň aýnasy, kompýuter ekrany bolsun, tapawudy ýok, esasy zat, ol aýna ýüzli bolmaly.
Innowasiýa maglumaty şöhlelendirmek işini düýpli özgerder. Ýagny, ol aýna kybap materiallaryň ýüzünde maglumatlary golografiki usulda ýa-da goşmaça hakykata laýyk edip beýan etmäge mümkinçilik berer. Inçejik polimer plýonka esaslanýan bu tehnologiýa aragatnaşyk üçin islege görä, aýnany ekrana öwrüp bilýär.
"Holocam" tehnologiýasy üstüne düşýän ýagtylygy gizlin datçige ugradýan elementleri ulanýar. Bu sensory ýerleşdirmek üçin aýnanyň üstünde deşik ýasamak zerurlygyny aradan aýyrýar, şeýle hem kamerany ekranyň merkezinde, görkezilýän zadyň şöhlelendirilmegine iň az täsir edýän derejede ýerleşdirilmegine şert döredýär. Kompaniýa plýonkanyň şekilleri 92 göterim durulyk bilen görkezýändigini, onuň proýeksiýa, ýüze çykarmak, şöhlelendirmek we filtrlemek hyzmatlaryny özünde jemleýär.
"Holocam-yň" ulanylyş gerimi hakykatdanam çäksizdir. Ol aýratyn kamera moduly, web-kamerasy gerek bolmadyk "akylly" gapy jaňlary bolup biler. Şeýle tehnologiýa ekranyň islendik ýerine seredilen ýagdaýynda hem adamy "tanaýar" we degişli amaly ýerine ýetirýär. Beýleki mümkinçilikler barada aýylanda, awtoulagda ýa-da "akylly" öýde tekiz ýerde golografiki dolandyryşlary işjeňleşdirmek üçin yşaratlary ýa-da ses buýruklaryny ulanýan "ýüzýän" açyp-ýapyjy dolandyryjylary öz içine alýar.
"Zeiss" kompaniýasy önümlerini özbaşdak bazara çykarmagy meýilleşdirmeýär. Ol diňe beýleki öndürijilere köp funksiýaly "akylly" aýna ulgamlaryny üpjün ediji hökmünde çykyş etmegi meýilleşdirýär.
Bu tehnologiýanyň kamerany aýnanyň ýüzünde düýbünden “görünmeýän” edýändigi sebäpli şahsy gizlinlik jedelleri ýüze çykyp biler. Synçylaryň bellemegine görä, şeýle kameralar şahsy giňişlige gözegçilik etmäge mümkinçilik berip, hyýanatçylykly hem peýdalanylyp bilner.
ORIENT news