Iň täze habarlar

Ary balçylyk meşhur adamlaryň söýgüli kärine öwrüldi

14.01.2024 | 21:40 |
 Ary balçylyk meşhur adamlaryň söýgüli kärine öwrüldi

Soňky geçirilen gözlegler ary balçylygyň adamlaryň söýgüli pişesine öwrülmegine getiripdir. Munuň şeýle bolmagyna bolsa, meşhur adamlaryň güýmenjeleriniň içinde ary balçylygyň esasy orny eýelemegidir.

Adamlara bu güýmenjä Beýons, Skarlet Ýohansson, Dewid Bekham, “Red Hot Chili Peppers” toparyndan Sting we Fli çekýärler.

2 müňe golaý adama berlen soraglar, olaryň ýarysynyň dynç almak üçin adaty bolmadyk görnüşlere ýykgyn edýändigini görkezdi. Şeýle görnüşlere ýapon origamasy bilen meşgullanmak ýa-da tebigatda zähmet çekmek görnüşleri bolup biler.

Sorag-jogap bermek işine gatnaşyjylaryň arasynda özüne çekiji beýleki çärelere açyk mikrofonda goşgy okamak, gül bezemek we geokeşing çaly güýmenjeler bar.

Soraga gatnaşanlaryň 49% -i kitap okamak ýaly oturymly ýa-da az hereketli güýmenjelerden ýüz öwürýärler. Munuň ýerine, adamlar açyk tebigatda janly-jandarlar, şol sanda guşlar we mör-möjekler üçin ýaşamag ýer döretmäge sarp edenlerini kem görenoklar.

Sorag-jogap işi ABŞ-da “OnePoll” hyzmaty tarapyndan baş roly Jeýson Stethemiň janlandyrmagyndaky “Ary balçy” filminiň 12-nji ýanwarda çykmagyna bagyşlanyp geçirildi.

1 (19).jpg

“Ary balçylygy bilen meşgullanmaga adamlar ozaldan hem gyzyklanma bildirýärdiler. Biziň täze filmimiziň bu gyzyklanmany has-da artyrarmyka diýýärs” diýip, filmiň režissýory Dewid Eýer belleýär.

Jogap berijileriň 14 göterimi bu filmden ary balçylygyna bolan höwesleriniň artandygyny aýdýar.

Eýer we onuň kärdeşleri filmi surata düşürenlerinde hakykatdan hem ary balçylygy bilen meşgullanýardylar. Jeýson Stethem bolsa, olaryň ary saklaýan ýerinde arylara ideg etmegi we bal almagy öwrenipdir.

ORIENT news

Foto: SWNS

Şeýle hem okaň: