Hytaý startapy elektronika üçin «baky» atom batareýany oýlap tapdy
13.01.2024 | 19:17 |Betavolt hytaý kompaniýasy elektronika enjamlary üçin dünýäde ilkinji atom batareýasy bilen tanyşdyrdy.
Bu akkumulýator 50 ýylyň dowamynda zarýad bermegi we hyzmaty talap etmeden işläp bilýär.
Işläp taýýarlamajylaryň aýtmagyna görä, şeýle batareýa howpsuz bolup, daşyna hiç hili radioaktiw şöhle bermeýär. Onuň düzümindäki nikeliň izotopy dargandan soňra, daşky gurşawa zyýansyz misiň durnukly izotopyna öwrülýär.
Batareýanyň ölçegi 15/15/5 millimetre, şu tapgyrdaky kuwwaty 100 mikrowatta, güýjenmesi bolsa 3 Wolta deňdir. Kompaniýa 2025-nji ýyla çenli şeýle akkumulýatorlaryň kuwwatyny 1 Watta çenli ýetirmegi meýilleşdirýär.
Bu batareýalar ykjam telefonlarda, robotlarda, dronlarda, emeli intellektli enjamlarda, lukmançylyk enjamlarynda we beýlekilerde ulanylar.
Işläp taýýarlamajylaryň tassyklamagyna görä, bu batareýa güýçli daşarky täsiriň netijesinde hem ýanmaz ýa-da ýarylmaz. Ol -60 gradusdan +120 gradusa çenli temperaturalarda işläp bilýär.
Häzirki wagtda atom batareýasy synag edilýär we soňra bazara çykarylar.
ORIENT news