Iň täze habarlar

Türkmenistanyň iň gowy sirk toparlaryna "Milli" hukuk derejesi berlip bilner

12.01.2024 | 22:59 |
 Türkmenistanyň iň gowy sirk toparlaryna "Milli" hukuk derejesi berlip bilner

Türkmenistanda «Döwlet sirklerine, aýry-aýry professional sirk döredijilik toparlaryna «Milli» hukuk derejesini bermegiň tertibini we şertlerini tassyklamak hakynda» Kararyň taslamasy taýýarlanyldy. Degişli Karar Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow tarapyndan anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde tassyklandy.

Wise-premýer Mährijemal Mämmedowa tarapyndan döwlet Baştutanynyň garamagyna hödürlenen resminama Tükmenistanda sirk sungatyny ösdürmegi we has-da kämilleşdirmegi maksat edinýär.

Sirkleriň hukuk derejesi Türkmenistanyň 2022-nji ýylyň noýabrynda kabul edilen "Sirk we sirk sungaty hakynda" Kanunynyň 12-nji maddasy bilen hem baglanyşyklydyr. Onda Döwlet sirklerine, aýry-aýry professional sirk döredijilik toparlaryna «Milli» hukuk derejesini bermegiň tertibi we şertleri barada aýdylýar.

2022-nji ýylda teatr döredijilik toparlaryna "Milli" we "Akademiki" hukuk derjesini bermegiň, döwlet muzeýlerine "Milli" hukuk derejesini bermegiň tertibi hem tassyklandy.

ORIENT news

Foto: orient.tm

Şeýle hem okaň: