“Led Zeppelin” rok toparynyň gitaraçysy Jimmi Peýj 80 ýaşyny toýlady
10.01.2024 | 00:03 |Rok sazandalary garrasalar hem, olaryň döreden özboluşly aýdym-saz ýoly gitdigiçe ösüp, nusgawy görnüşe öwrülýär.
9-njy ýanwarda “Led Zeppelin” atly medeni rok toparynyň görnükli gitaraçysy, aýdymlary ýazyjy we prodýuser Jimmi Peýj 80 ýaşyny toýlady.
Aslynda Jimmi Peýjiň “Led Zeppelinden” başga-da köp hyzmatlary bar. Ol geçen asyryň altmyşynjy ýyllarynyň ortalarynda “The Kinks” toparynyň ýazgylaryna gatnaşdy we “The Yardbirds” toparynda sazlary ýerine ýetirdi. “Led Zeppelin” toparyny esaslandyryjylaryň biri bolmak bilen, ol dokuz sany aýdym-saz albomyny çykardy.
Köpler Peýji rok aýdym-sazynyň iň gowy gitaraçysy hasaplaýarlar. Onuň özboluşly saz çalyş usulynyň rok aýdym-saz görnüşini täze belentliklere göterilmeginde uly ähmiýeti boldy. Şeýlelikde, aýdym-sazyň agyr rok ugrunyň taryhy başlanýar. Jimmi Peýj “Yardbirds” toparynda ýerine ýetirip bilmedik aýdym-sazlaryny täze döredilen “Led Zeppelin” toparynda dünýä ýaýmaga girişdi. Toparyň döreden ilkinji dört albomynyň sazlary gitaranyň nusgawy sazlary haspalanylýar.
Rok aýdym-sazlarynyň ýyldyzy Jimmi 1944-nji ýylyň 9-njy ýanwarynda Londonda dogulýar. Onuň aýtmagyna görä, 5 ýaşyna çenli ol şeýle bir tutuk oglan eken welin, hatda deň-duşlary bilen-de gürleşmeýän eken.
Öz-özüňi ilden çetleşdirmek endigi onuň häsiýetini emele getiripdir. Ol ýekelikde hem aljyramaýar, gaýtam adamlar bilen kän bir aragatnaşykda bolman hem özüni sazlaşykly alyp baryp bilýär.
Jimmi ilkinji gezek 12 ýaşynda gitara çalmaga synanyşýar – ol jaýlarynyň üçeginden kakasynyň köne gitarasyny tapýar. Bulaşyk düzülen saz guralynyň owazy Peýjde ilkibada känbir täsir galdyrmaýar. Soňlugy bilen Elwis Presliniň aýdymlaryndan ruhlanan ýigdekçe saz çalmagy öwrenmäge gyzyklanyp başlaýar. Oňa bu işde okuwdaky dostlary hem ýakyndan ýardam edýär.
Tizara ýigit aýdym-saz mekdebine girip, yhlas bilen okap başlaýar. Jimmi 14 ýaşynda ene-atasyndan sowgat hökmünde ilkinji elektrik gitarasyny aldy. Şondan soň ýaş ýigdekçe hatda sapak wagtynda hem gitarasyny elinden düşürmeýär. Mugallymlar birnäçe gezek onuň saz guralyny elinden alyp, sapagy diňlemegi talap etmeli bolýarlar.
“Yardbirds” topary onuň medeni ugurda professional derejede ösmeginde ilkinji ädim bolýar. 1968-nji ýylda topar dargaýar. Şondan soň, Peýj öz toparyny döretmegi ýüregine düwýär.
Täze döredilen “Led Zeppelin” toparynyň ilkinji hatary aýdymçy Robert Plant, basçy Jon Pol Jones we deprekçi Jon Bonham bilen düzülýär. Toparyň adyny göterýän ilkinji albom derrew satylyp, sazandalara meşhurlyk getirýär. Şondan soň, Peýj öz döwrüniň iň zehinli gitaraçysy diýlip atlandyrylyp başlanýar.
1969-njy ýylda toparyň “Led Zeppelin II” atly ikinji albomynyň çykmagy aýdym-saz söýüjilerini ýene-de bir gezek haýrana goýdy. Sazanda bu gezek gitarany ýaý usulynda çalyp, rok bilen bluzyň bitewiliginiň täsin sazlaşygyny gazandy.
1970 we 1971-nji ýyllarda III we IV seriýaly albomlar gezekli-gezegine çykdy. Bu döwür toparyň meşhurlygynyň gülläp ösýän döwri hasaplanýar. Toparyň döreden her bir aýdymy hit boldy. Sekiz minutlyk “Jennete barýan basgançak” (“Stairway to Heaven”) atly ballada häli-häzirem meşhurlygyna galýar. Jimmi Peýj bu kompozisiýany sazandalaryň içki dünýäsini açýan iň şahsy aýdym diýip atlandyrdy.
... “Led Zeppelin” topary dargansoň, sazandalar iki gezek topary janlandyrmaga synanyşdylar, ýöne bu mesele birnäçe bilelikdäki konsertlerden aňry geçip bilmedi. Şeýle-de bolsa, Jimmi Peýj konsert bermegini we haýyr-sahawat çärelerinde çykyş etmegini dowam etdirdi. Mundan başga-da, sazanda filmler üçin birnäçe sazlary ýazdy.
2008-nji ýylda sazanda Dewid Bekham we Leona Lýuis bilen bilelikde Olimpiýa oýunlarynyň ýapylyş dabarasynda öz ýurdundan wekilçilik etdi.
ORIENT news