Iň täze habarlar

Rus alymlary çölüň gurak howasyndan suw almagyň tehnologiýasyny oýlap tapdylar

08.01.2024 | 10:22 |
 Rus alymlary çölüň gurak howasyndan suw almagyň tehnologiýasyny oýlap tapdylar

Russiýanyň Günorta federal uniwersitetiniň alymlary gurak howadan suw almaga ukyply enjamy işläp düzdüler. Bu enjam gije salkynlanda döreýän çyglylykdan suw öndürýär. Bu tehnologiýa çöl gurşawynda netijeli bolup biler. Hünärmenleriň pikirine görä, şeýle görnüşde alnan suwuň bahasy 9-10 rubl töweregi bolar.

“Atmosfera howasyndan suw alýan generatoryň ösdürilmegi, ilkinji nobatda gurak we çöl howa şertleri bolan sebitlerde, şeýle hem infrastruktura ýetmezçiligi bolan sebitlerde agyz suwunyň ýetmezçiliginiň meselesini çözmäge gönükdirilendir. Şunda Afrika we Günorta-Gündogar Aziýa ýurtlarynyň halklarynyň bähbitleri göz öňünde tutulýar” diýip uniwersitetiň täze bilim tehnologiýalary barlaghanasynyň müdiri Ilýa Pankin gürrüň berýär.

Enjam jemi 500 aýlaw hyzmat edip, häzirki wagtda onuň meýdan synaglary alnyp barylýar. Bu enjam awtomatik esasda işläp, ony elektrik simine birikdirmek hökman däldir.

ORIENT news

Foto: iz.ru

Şeýle hem okaň: