"Emeli Günüň" nusgasy 2035-nji ýyla çenli taýýar ediler
07.01.2024 | 02:26 |Hytaýyň Hökümeti “China Fusion Energy Inc” atly täze döwlet eýeçiligine degişli kompaniýanyň dörediljekdigini habar berdi. Bu kompaniýanyň maksady “emeli Gün” diýlip hem atlandyrylýan atom ýylylyk reaktoryny döretmäge gönükdirilendir.
Reaktoryň senagat nusgasyny döretmek boýunça işleri 2035-nji ýyla çenli tamamlamak, 2050-nji ýyla çenli bolsa täjirçilik maksatly ulanmaga bermek meýilleşdirilýär. Atom ýylylyk birleşmesi global energiýa meselelerine iň oňat çözgüt hasaplanýar. Çünki, ol adatça atomyň bölünmegi netijesinde çykýan uzak ömürli radioaktiw galyndylary bolmazdan, howpsuz, arassa we çäksiz energiýa önümçiligini üpjün edip biler.
"China Fusion Energy Inc" kompaniýasy Hytaýyň Milli atom energetikasy korporasiýasy (CNNC) tarapyndan atom ýylylyk energetikasy boýunça barlaglary utgaşdyrmak maksady bilen döredildi. Şeýle hem, taslamany durmuşa geçirmegiň çäklerinde döwlet kärhanalaryny we 4 uniwersiteti öz içine alýan 25 guramadan ybarat konsorsium esaslandyryldy.
ORIENT news