GDA agza ýurtlar zähmet migrantlarynyň resminamalaryny özara ykrar etmek boýunça ylalaşyk baglaşarlar
31.12.2023 | 11:43 |Türkmenistanyň wekilleri GDA-nyň ştab-kwartirasynda geçirilen "Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň zähmet migrantlarynyň resminamalarynyň özara ykrar edilmegini üpjün etmek hakynda" modelleýin ylalaşygyň taslamasyny taýýarlamak boýunça Iş toparynyň mejlisine gatnaşdy.
Bellenişi ýaly, taraplar resminamanyň adyny üýtgetmek barada ylalaşdylar, şeýle hem ylalaşygyň taslamasy barada öňe sürlen garaýyşlary ara alyp maslahatlaşdylar. Häzirki wagtda taslamanyň resminama düzgünlerini we düşündirişlerini işläp düzmegiň zerurlygy nygtaldy.
Iş toparynyň mejlisine şeýle hem Ermenistanyň, Belarusyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Russiýanyň, Özbegistanyň, hem-de GDA gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assmbleýasynyň, Arkalaşygyň Ýerine ýetiriji komitetiniň wekilleri gatnaşdylar.
ORIENT news