Iň täze habarlar

Daşkentde Türki dünýäniň kino işgärleriniň birleşmesi döredildi

28.12.2023 | 12:16 |
 Daşkentde Türki dünýäniň kino işgärleriniň birleşmesi döredildi

TÜRKSOÝ halkara guramasynyň başlangyjy bilen Daşkent şäherinde Türki dünýäniň kino işgärleriniň birleşmesi döredildi. Onuň esaslandyryş ýygnagyna türki dilli ýurtlaryň kinostudýalarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Bu birleşme türki dünýäniň kinematografiýa sungatyny janlandyrmak, bilelikdäki film taslamalaryny döretmek, täze filmleri bilelikde öndürmek, şeýle hem iň gowy filmleri halkara giňişligine çykarmak we türk dilli döwletleriň filmleri üçin bitewi kino satuw ulgamyny döretmek maksady bilen döredildi.

Ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda Daşkent halkara film festiwalynyň we “Gorkut-Ata” halkara film festiwalynyň derejelerini dünýä standartlaryna çykarmak wezipesi hem bar.

Yuz.uz neşiriniň habar bermegine görä, geljekde türk halklarynyň bilelikdäki film taslamalary üçin meýdança boljak Türki dünýäniň kino akademiýasyny döretmek hem meýilleşdirilýär.

ORIENT news

Foto: yuz.uz

Şeýle hem okaň: