Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Media
Anons
Tehnologiýalar
Biz barada
Habarlaşmak üçin

Aşgabatda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 28 ýyllygy mynasybetli sergi geçiriler

09.12.2023|21:02|
1494
asgabatda-turkmenistanyn-bitaraplygynyn-28-yyllygy-mynasybetli-sergi-geciriler
Surat çeşmesi: Redaksiýanyñ arhiwinden

11-nji dekabrda Türkmenistanyň Suraşkeşler birleşiginiň sergi zalynda ýurdumyzyň Bitaraplygynyň 28 ýyllygy mynasybetli “Bitaraplyk---bagtyň baky bahary” atly sergi geçiriler.

Sergide baýry, görnükli suratkeşleriň, şeýle hem ýaş sungat işgärleriniň şekillendiriş sungaty, grafika, keramika, kilimçilik ýaly ugurlary boýunça 80-ne golaý işleri görkeziler.

Işleriň awtorlarynyň hatarynda Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzalary Saparmämmet Meredow, Meret Gylyjow, Gahryman Goçmyradow, Polat Garryýew, Anna Jumanyýazow, Orazgylyç Öwezow, Aleksandr Kinýakin dagylar bar.

Sergi paýtagtymyzyň ähli ýaşaýjylary we myhmanlary üçin açyk bolar.

ORIENT news