Iň täze habarlar

Türkiýäniň million orundan gowrak myhmanhanalary durnukly syýahatçylyk boýunça şahadatnama eýe boldular

30.11.2023 | 13:33 |
 Türkiýäniň million orundan gowrak myhmanhanalary durnukly syýahatçylyk boýunça şahadatnama eýe boldular

Türkiýede jemi orun sany 1 milliondan geçýän myhmanhanlar syýahatçylygyň durnukly talaplaryna laýyk gelýändigi barada şahadatnama we tassyknama aldy. Bu barada Türkiýäniň Medeniýet we syýahatçylyk ministrligi tarapyndan Londonda geçirilen Bütindünýä syýahat bazary sergisi mynasybetli neşir edilen maglumatlarda beýan edilýär.

Türkiýäniň Durnukly syýahatçylyk boýunça milli maksatnamasynyň çäginde 1,044,189 orunlyk 7500-den gowrak myhmanhana syýahatçylygyň durnukly talaplaryna laýyk gelýändigi barada şahadatnama we tassyknama eýe boldy. Şahadatnamalaşdyrmak işi Durnukly syýahatçylyk boýunça Ählumumy geňeş bilen bilelikde işlenip düzülen Maksatnamada göz öňünde tutulyp, bu şertnamany Türkiýe dünýäde ilkinji bolup baglaşdy.

Bütindünýä syýahatçylyk sergisinde Türkiýe “Türk Riviera”, “Türküstan: Bagt kenary”, “Täze ugur: Stambul”, “Kappadokiýa: Ertekiler ülkesi”, “Türk Gara deňiz” we “Türkiýäniň tebigaty” ýaly öňdebaryjy ugurlaryny, önümlerini we kiçi markalaryny hödürledi.

Şeýle hem, myhmanlar Türkiýäniň welosiped ýollary we tutuş ýurt boýunça durnukly syýahatçylygyň 50 görnüşi bilen tanyşdylar. Diwarlyk Türkiýäniň baý taryhyny we medeni mirasyny özünde jemledi we aşpez syýahatçylygynyň durnukly pudagyndaky teklipleri görkezdi.

Türkiýe dünýäde durnukly syýahatçylygyň iň ýokary dereje ösen ýurtlarynyň hataryna girýär we syýahatçylaryň bolýan ýerlerini kepillendirmek kanun tarapyndan hökmanydyr. Türkiýäniň Durnukly syýahatçylyk boýunça milli maksatnamasy durmuşa geçirilende iň uly dört syýahatçylyk sebitinde Antalýada 1,144 syýahatçylyk ýeri, Stambulda 966, Muglada 639 we Izmirde 488 syýahatçylyk ýeri tassyklandy. Maglumatlara görä, 2023-nji ýylyň geçen dokuz aýynda 45 milliondan gowrak adam Türkiýä geldi.

Türkiýe we onuň durnukly syýahatçylygy ösdürmek boýunça milli maksatnamasy barada jikme-jik maglumatlary şu salgy boýunça giňişleýin öwrenip bilersiňiz.

ORIENT news

Foto: Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçihanasy

Şeýle hem okaň: