Iň täze habarlar

Hazarýaka döwletleriniň daşary işler ministrleri Moskwada duşuşarlar

29.11.2023 | 15:58 |
 Hazarýaka döwletleriniň daşary işler ministrleri Moskwada duşuşarlar

Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Mariýa Zaharowa çarşenbe güni geçirilen metbugat ýygnagynda Hazar sebitiniň bäş ýurdunyň daşary işler ministrleriniň 5-nji dekabrda Moskwada duşuşjakdyklaryny mälim etdi.

“Şu ýylyň 5-nji dekabrynda Hazar döwletleriniň – Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Russiýanyň we Türkmenistanyň daşary işler ministrleriniň Lawrowyň ýolbaşçylygyndaky mejlisini geçirmek meýilleşdirilýär " diýip, ol aýtdy.

2022-nji ýylyň iýun aýynda Aşgabatda geçirilen altynjy Hazar sammitinde gazanylan ylalaşygyň çäginde daşary işler ministrleriniň derejesinde şeýle görnüşde gepleşikleri geçirmek bellenilipdi.

Duşuşygyň dowamynda Hazar sebitinde hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryna üns çekilip, gyzyklanma bildirilýän meseleleriň giň toplumyna garalar. Şeýle hem daşary işler ministrleriniň ikitaraplaýyn duşuşyklary hem geçiriler.

ORIENT news

Foto: "RIA" habarlar agentligi

Şeýle hem okaň: