Iň täze habarlar

Bill Geýts 2023-nji ýylda söýüp okan kitaplaryny mälim etdi

25.11.2023 | 06:38 |
 Bill Geýts 2023-nji ýylda söýüp okan kitaplaryny mälim etdi

Her ýylyň ahyrynda amerikaly telekeçi we jemgyýetçilik işgäri Bill Geýts göwnüne has köp ýaran kitaplarynyň sanawyny çap edýär.

Bu ýyl ol däp bolan bäş kitabyň ýerine üç kitabyň adyny agzady.

Ol Pulitser baýragynyň eýesi, amerikan alym-onkology Siddhartha Mukerjanyň “Gözenegiň aýdymy” atly kitabyny okamagy maslahat berýär.

“Egerde men “Gözenegiň aýdymy” atly kitaby mekdepde okan bolsadym, onda men biologiýany has ir söýüp başlardym” diýip Geýts aýtdy we kitabyň awtorynyň öýjük biologiýasyna bolan hyjuwynyň her sahypada ýüze çykýandygyny belledi.

Şeýle hem ol maglumatlary işlemek boýunça hünärmen Hanna Riçiniň kitabyny okamagy maslahat berdi. Bu kitapda ekologiýa ýagdaýyna serjerme berilýär. Bill Geýtsiň aýtmagyna görä, howanyň üýtgemegi barada söhbet açmak isleýän her kim bu kitaby okamalydyr.

TIME amerikan žurnaly Bill Geýtse howanyň üýtgemegine garşy göreşmek ulgamyndaky iň täsirli adamlaryň sanawyna goşdy. Mundan başga-da, Bill Geýts energetika we parnik gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmak ulgamyndaky taslamalarda ýöriteleşen Breakthrough Energy gaznasyny esaslandyrdy.

Telekeçi çeh asylly kanadaly alym Waslaw Smiliň “Oýlap tapyşlar we innowasiýalar: haýpyň we şowsuzlyklaryň gysgaça taryhy” atly kitabyny hem okamagy maslahat berýär.

Waslaw Smil--Bill Geýtsiň iň söýgüli awtorlarynyň biridir.

“Onuň ähli 44 kitabyny okap hem-de onuň bilen ençeme gezek söhbetdeş bolup, onuň innowasiýalaryň geljegi babatda meniň ýaly optimist däldigini bilýärin. Ýöne, biz geljege dürli nukdaýnazardan garasak-da, geçmişi Smilden gowy hiç kim düşündirip bilmez. Egerde siz ynsan oýlap tapyjylygynyň bizi häzirki ýagdaýa neneňsi getirendigini bilmek isleseňiz, onda men “Oýlap tapyşlar we innowasiýalar: haýpyň we şowsuzlyklaryň gysgaça taryhy” atly kitaby okamala maslahat berýärin” diýip Geýts aýtdy.

Şeýle hem Bill Geýts ykdysadyýet boýunça professor Timoti Teýloryň onlaýn-leksiýalaryny diňlemegi maslahat berdi.

ORIENT news

Foto: tengrinews.kz

Şeýle hem okaň: