Iň täze habarlar

Türkmenistanyň ilçisi Özbegistanyň Mejlisiniň Senatynyň Başlygy bilen duşuşdy

22.11.2023 | 13:58 |
 Türkmenistanyň ilçisi Özbegistanyň Mejlisiniň Senatynyň Başlygy bilen duşuşdy

Sişenbe güni, 21-nji noýabrda Türkmenistanyň Özbegistandaky ilçisi Şadurdy Meredow bilen Özbegistan Respublikasynyň Oliý Mejlisiniň Senatynyň Başlygy Tanzila Narbaýewanyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Söhbetdeşlikde taraplar iki ýurduň döwlet ýolbaşçylarynyň arasyndaky işjeň gepleşikleriň netijesinde türkmen-özbek gatnaşyklarynyň konstruktiw ösüşini bellediler. Duşuşykda söhbetdeşler söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer pudaklardaky hyzmatdaşlyk temasyna ünsi çekdiler şeýle-de syýasy-diplomatik meseleler barada hem pikir alyşdylar.

Medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygynyň ähmiýeti ikitaraplaýyn özara gatnaşyklary pugtalandyrmagyň esasy ugurlaryndan biri hökmünde nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, taraplar meşhur şahyr we akyldar Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan çäreleri bilelikde guramak barada ylalaşdylar.

ORIENT news

Foto: mfa.gov.tm

Şeýle hem okaň: