Iň täze habarlar

Hawýer Mileý Argentinada prezident saýlawlarynda ýeňiş gazandy

21.11.2023 | 09:19 |
 Hawýer Mileý Argentinada prezident saýlawlarynda ýeňiş gazandy

“Azatlyk ýetip gelýär” partiýasynyň wekili, ultrasagçy syýasatçy Hawýer Mileý Argentinada prezident saýlawlarynda ýeňiş gazandy.

Ýurduň Milli saýlaw palatasynyň maglumatlaryna görä, Mileý saýlawçylaryň 55 göteriminiň sesini alyp, ýeňiş gazandy. Munuň özi onuň bäsdeşi, “Watan üçin birleşik” koalisiýasynyň wekili, Argentinanyň ykdysadyýet ministri Serhio Massanyňkydan 11 göterim köpdür.

Serhio Massa saýlawlaryň netijeleri resmi yglan edilmänkä Mileýiň ýeňşini ykrar etdi.

“Bu gün Argentinanyň täzeden dikeldilmegi başlanýar. Bu gije-taryhy gije” diýip Hawýer Mileý netijeler yglan edilenden soňra aýtdy.

Ol 140 göterimlik inflýasiýa garşy göreşmek üçin ýurdy pesodan amerikan dollaryna geçirmegi, şeýle her ýurduň Merkezi bankyny ýatyrmagy söz beripdi. Ony ABŞ-nyň ozalky Prezidenti Donald Trampa meňzedýärler. Ýeri gelende bellesek, Tramp ilkinjileriň hatarynda argentin syýasatçysyny ýeňiş bilen gutlady.

Täze Prezident 10-njy dekabrda wezipä girişer hem-de 2027-nji ýylyň ahyryna çenli bu wezipede bolar.

ORIENT news

Foto: kommersant.ru

Şeýle hem okaň: