Iň täze habarlar

"Taze Saba" - Merkezi Aziýadaky diş çotgalaryny ilkinji öndüriji

02.10.2023 | 02:30 |
 "Taze Saba" - Merkezi Aziýadaky diş çotgalaryny ilkinji öndüriji

USAID-yň Merkezi Aziýadaky Söwda Maksatnamasy ORIENT habarlar agentligi bilen bilelikde «Eksport ekoulgamy ösdürmek başlangyjy» atly taslamasynyň çäginde "Taze Saba" kompaniýasynyň esaslandyryjysy we baş direktory Nazar Aşyrgylyjowiç Ýazglyjow bilen duşuşdyk.

Söhbetdeşlik wagtynda "Taze Saba" kärhanasynyň işi we kompaniýanyň önümleri bilen tanyşdyryldy, şeýle hem “CV Dent Pharmaceutical” haryt nyşanyň nämäni aňladýandygy düşündirildi.

"Taze Saba" hojalyk jemgyýeti 2018-nji ýylda döredildi. 2022-nji ýylyň maý aýynda diş çotgasy öndürýän kärhana işe başlady. Şondan bäri kärhana daşary ýurt bazarlarynda we goňşy ýurtlaryň onlaýn söwda platformalarynda we sosial ulgamlarynda mahabat önümleri üçin jogapkär bolan eksport bölümi tarapyndan işlenip düzülen ýyllyk meýilnama laýyklykda işleýär.

"Taze Saba" HJ, diňe bir Türkmenistanda däl, eýsem Merkezi Aziýada-da diş çotgalaryny öndürmek bilen meşgullanýan ilkinji kärhanadyr. Nazar Aşirgylyjowiçiň pikiriçe, kompaniýanyň Aziýadaky esasy bäsdeşleri Hytaý we Wýetnam diş çotgalaryny öndürijilerdir. Bu kompaniýanyň ähli önümçilik prosesi halkara ülňülerine laýyk gelýär. Çig malyň 90% -iniň içerki mal bolup we kompaniýanyň häzirki zaman nanotehnologiýalary ulanýandygy sebäpli, içerki we daşarky bazarlarda uly isleg bildirilýän arzan bahadan ýokary hilli önümleri öndürmek mümkinçilikler dörändir.

"Kärhananyň eksport işjeňligi çig mal we enjam satyn almak, gerimini giňeltmek we önümçilik kuwwatyny ýokarlandyrmak, geljekde önümçiligi giňeltmek üçin täze iş ýerleri döretmek we girdejini köpeltmek üçin täze mümkinçilikleri açýar" -diýip Nazar Ýazglyjow belläp geçýär.

Eksport barada aýdanda, esaslandyryjy hil şahadatnamalarynyň we önümleriň gelip çykyş şahadatnamalarynyň bolmagy eksport üçin haryt ibermegiň esasy şertlerinden biridigini aýtdy. Häzirki wagtda kompaniýanyň ISO 9001, 14001 we 45001 şahadatnamalary bar. ISO 9001 şahadatnamasy - hil dolandyryş ulgamynyň halkara ülňülerine laýyk gelýändigini tassyklaýan resminamadyr. ISO 14001 şahadatnamasy kompaniýanyň daşky gurşaw dolandyryş ulgamyny ornaşdyrandygyny tassyklaýar. OHSAS ulgamynyň hünär howpsuzlygy we saglyk ulgamynyň durmuşa geçirilişini tassyklamak üçin ISO 45001 şahadatnamasy (öňki OHSAS 18001 diýip atlandyrylan şahadatnamasy) alynýar. Bu şahadatnamalaryň hemmesi öndürilen önümiň hiliniň kepilligi bolup, daşary ýurt bazarlaryna önümiň eksport edilmegi üçin hökmanydyr.

Gümrük paçlary azaldýan ýa-da aýyrýan we maýa goýumlaryny, ykdysady ösüşi we eksportçylar üçin amatly şertleri döredýän ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn halkara söwda şertnamalary söwda dolanyşygynyň ösmegine we söwda päsgelçilikleriniň aradan aýrylmagyna ýardam berýär.

“Taze Saba” hojalyk jemgyýeti öz işinde INCOTERMS 2010 halkara düzgünler ulgamyny ulanýar, hususan-da FCA (erkin daşaýjy) düzgüni ulanýandyr. Giňişleýin aýdylanda, bu düzgün ulanylanda harytlaryň gidiş terminalyndan şertnamada görkezilen müşderiniň esasy daşaýjysyna eltilýändigini (kä halatlarda satyjynyň öz ammarlaryny görkezmek bilen) we satyjynyň özi eksport bilen bagly ýygymlaryny töleýändigini aňladýar. Häzirki wagtda "Taze Saba" öz önümlerini Azerbaýjana, Gazagystana, Özbegistana, Birleşen Arab Emirliklerine, Gruziýa, Owganystana, Irak döwletine we beýleki ýurtlara eksport edýär.

02102023 TS_Photo_2.jpg

Nazar Ýazglyýow kärhananyň günde ýigrimi bäş müň, hepdede bir ýüz elli müň CV Dent diş çotgasyny öndürip bilýändigini we olaryň bir ýüz otuz müňiniň eksport edilýändigini aýtdy. Önüm babatyndaky sargytlar internetdäki onlaýn platformalar ýa-da kompaniýanyň resmi web sahypasyndaky programma arkaly kabul edilýär. Sargytlar ýerleşdirilende, diş çotgasynyň reňki ýaly müşderileriň ähli islegleri göz öňünde tutulýar.

"Taze Saba" kärhanasynyň meýilnamalarynda indiki ýylda öz diş pastasynyň öndürilip çykarylmagy hem bar. Önümleriň görnüşleriniň köpelmegi, beýleki zatlar bilen birlikde, täze iş orunlaryny döretmäge, söwda dolanyşygyny ýokarlandyrmaga we Türkmenistanda importyň ornuny tutmak syýasatyny durmuşa geçirmäge ýardam eder.

Bu neşir USAID-yň Merkezi Aziýadaky Söwda Maksatnamasy ORIENT habarlar portaly bilen bilelikde "Eksport ekoulgamy ösdürmek başlangyjy" atly rubrikanyň çäginde taýýarlandy.

Foto: Orient.tm

Şeýle hem okaň: