Iň täze habarlar

Türkmen alymlary tebigy derman serişdelerini taýýarladylar

26.09.2023 | 12:27 |
 Türkmen alymlary tebigy derman serişdelerini taýýarladylar

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ýanyndaky Tehnologiýalar merkeziniň alymlary dermanlyk ösümlikleri fitokapsulalara ýerleşdirmek arkaly innowasion ususly oýlap tapdylar. Merkeziň alymlary tejribe hökmünde ýandagyň gury we suwuk görnüşlerini fitokapsulalara ýerleşdirdiler.

Bu ylmy taslama Merkeziň biotehnologiýalar kafedrasynyň müdiri Altyn Rahmanowa ýolbaşçylyk edýär. Ylmy işde akademik, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köpýyllyk ylmy gollanmasy peýdalanyldy.

Mikrokapsulalary döretmegiň maksady gerdejik görnüşli derman serişdeleriň ýerini tutýan bejeriş serişdesini döretmekden ybarat boldy. Mälim bolşy ýaly, gerdejik görnüşli dermanlaryň ýarysyny dürli himiýa serişdeleri tutýar. Kapsulalar bolsa, öz gezeginde dürli peýdaly düzümleriň adam bedenine aralaşmagyna şert dördýär.

Alnan derman kapsulalary dürli sowuklamalary, dümew, angina, bronhit, üsgürme kesellerini bejermekde ýokary netijeliligi bilen tapawutlandy. Şeýle hem, olar gastrit, aşgazan ýarasy we beýleki keselleriň bejerilmegine ýardam edýär. Mundan başga-da, ondan bölünip çykýan serişdeleriň dermanyň oňat özleşmegine we ýaýramagyna ýardam edýär.

Alymlar Türkmenistanda bitýän dermanlyk ösümlikleri mikrokapsulaşdyrmak arkaly derman öndürmegiň uly geljeginiň bardygyny belleýärler. Mysal üçin, ýandagyň düş gelýän görnüşleriniň 40 göterimi Türkmenistanda bitýär.

Mikrokapsula derman serişdeleri häzirki zaman bejeriş usullaryna laýyk gelýär we dolulygyna tebigy çig maldan taýýarlanylýar. Ikinjiden, olar aýratyn biologik berkilge eýe bolup, onda himiki reňk berijiler ýokdur. Üçünjiden, kopsulalar rahatlandyryjy dermanlyk serişdelere baýlygy bilen tapawutlanýar.

Esasy zat, bu işläp taýýarlamanyň esasy aýratynlygy, onuň milli derman senagaty üçin az çykdajyly bejeriş-anyklaýyş dermanlary taýýarlamaga we ösdürmäge mümkinçilik berýändigidir.

Dermanlyk ösümlikleri kapsulaşdyrmak usuly diňe bir bejeriş-sagaldyş işinde däl-de, eýsem azyk senagatynda hem peýdalanyp bolar. Şeýle usula häzirki wagtda bütin dünýäde uly gyzyklanma bildirilýär.

Bu usul derman senagatyny çylşyrymly himiki ugurdan, has arassa tebigy ugurda ösdürmäge mümkinçilik berýär.

Häzirki wagtda Türkmenistanda ekologiýa taýdan arassa derman serişdelerini öndürýän senagaty ösdürmäg aýartyn üns berilýär. Awgust aýynyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowň Arkadag şäherin bolan iş saparynyň çäklerinde ekologiýa taýdan arassa derman önümçiligini ösürmäge we şuňa degişli taslamalara aýratyn üns çekildi.

Arslan MÄMMEDOW

Foto: Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezi

Şeýle hem okaň: