Iň täze habarlar

Türkmen boksçylary Gazagystanda geçirilýän halkara ýaryşa gatnaşýarlar

25.09.2023 | 20:59 |
 Türkmen boksçylary Gazagystanda geçirilýän halkara ýaryşa gatnaşýarlar

25 – 30-njy sentýabrda Gazagystanyň Aktau şäherinde boks boýunça halkara ýaryşy geçiriler. Oňa türkmenistanly türgenler hem gatnaşýarlar. Bu barada Türkmenistanyň Boks federasiýasy habar berýär.

8 adamdan ybarat türkmen wekiliýetiniň hatarynda halkara ýaryşda 6 boksçy çykyş edýär. Duşuşyklar dürli ýaş derejelerinde geçirilýär.

1 aý mundan öň, Aktau şäherinde geçirilen başga bir halkara boks ýaryşynda ýurdumyzyň türgenleri jemi 6 medal – 1 altyn, 2 kümüş, we 3 sany hem bürünç medal gazandylar.

ORIENT news

Foto: Redaksiýanyň arhiwinden

Şeýle hem okaň: