Türkmenistanyň we Russiýanyň tehnologiýa ýokary okuw mekdepleri sanly ulgam arkaly maslahat geçirdiler
22.09.2023 | 11:28 |Oguzhan adyndaky Türkmenistanyň Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti bilen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Innopolis uniwersitetiniň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly ylmy maslahat geçirildi.
Türkmen uniwersitetinde guralýan ýokary tehnologiýalar hepdeliginiň çäklerinde geçirilen maslahatda iki döwletiň ýokary okuw mekdepleri birek-biregiň bilim we ylmy-tehnologiýa mümkinçilikleri bilen tanyşdylar. Maslahata iki ýokary okuw mekdebiň talyp ýaşlary, mugallymlary we ýurdumyzyň Kazan şäherindäki Baş konsullygynyňň wekilleri gatnaşdylar.
Sanly ulgam arkaly maslahaty ýurdumyzyň Daşary işler ministrligi, BMG-niň Ösüş maksatanamasynyň we ÝHHG-niň Türkmenistandaky wekilhanalary guradylar. 18-nji sentýabrda “Durnukly ykdysady ösüş: Innowasiýalar we senagatlaşmak” atly hepdelik badalga aldy. Onuň çäklerinde ylmy maslahatlar, ýaş alymlaryň sergisi we dürli zehin bäsleşikleri guralýar.
Hepdeligiň çäklerinde guralýan sergi barada ozal giňişleýin habar beripdik.
ORIENT news