Meniň önümim eksporta taýynmy?
10.09.2023 | 23:30 |Trade4MSMEs web sahypasyndaky mikro, kiçi we orta kärhanalary (MKOK) goldamak üçin döredilen platformada «Eksporta taýýarlygy bahalandyrmak boýunça gollanma (Gollanma)» hödürlenýär. Gollanmada gozgalan ilkinji soraglar “Näme üçin eksport etmeli? Peýdalary näme?"
Gollanmada agzalan gözleg işi boýunça eksport etmeýänlere garanyňda has girdejili, has öndürijilikli we täze tehnologiýalary ulanyp eksport edýän kompaniýalary görkezýär. Gözlegiň netijesi eksport edilse kärhanalaryň 11% hereket etmekliginiň ähtimallygyny görkezdi. Munuň sebäpleri dürli ýurtlardaky bazarlaryň arasynda eksport töwekgelçiligini ýaýratmakdan, söwda dolanyşygyny ýokarlandyrmakdan we belli bir daşary ýurt bazarlary üçin aýratyn hyzmatlary ösdürmek arkaly innowasiýany gowulandyrmakdan ybaratdyr. Bu Gollanmada eksport etmek hakda pikirlenip başlamagyňyzyň birnäçe sebäpleri görkezilen:
1. Satuwyň artmagy. Içerki bazaryňyzda önümleriňiz gowy satylsa we hyzmatlaryňyza isleg bildirilse, eksport etmek beýleki ýurtlarda täze goşmaça satuwlary ösdürmegiň usulydyr. Hyzmatlaryňyza içerki bazarda isleg bildirýän bolsa, daşarky bazarlarda-da uly islegde bolup biler.
2. Satuwyň köpelmegi bilen has ýokary girdejiniň bolmagy.Içerki amallar ýa-da maliýeleşdirmegiň beýleki görnüşleri arkaly kesgitlenen çykdajylary ödeýän bolsaňyz, eksport girdejiňiz gaty çalt ösüp biler.
3. Göwrümler arkaly tygşytmalak. Has köp hyzmat öndürmek we satmak bilen çykdajylary tygşytlamakdan peýdalanyp bilersiňiz. Uly göwrümli amallaryň peýdalary köp haýyrly bolup biler.
4. Global bäsdeşlik ukyby.Kompaniýanyňyzyň halkara derejesinde gazanan tejribesi, içerki bazarda we dünýäde bäsdeşlige ukyply bolmaga kömek eder.
5. Içerki bäsdeşlik. Üstünlikli eksport edýän kompaniýalar, köplenç içerki we daşary ýurt bäsdeşligine has ukyply we durumly bolýarlar.
6. Töwekgelçiligiň azalmagy. Eger Siz önümleriňizi bir-näçe ýurda satyp bilseňiz, töwekgelçiligiňizi köp bölege ýaýradarsyňyz. Halkara bazarlaryna diwersifikasiýa etseňiz, bir bazara garaşly bolmakdan we içerki durnuksyzlykdan gaça durarsyňyz.
7. Täze bilim we tejribe innowasiýalara tarap alyp barýar. Dünýä bazarynda täze pikirler, çemeleşmeler we marketing usullary bar, bu hem içerki bazaryňyzda üstünlik gazanmaga ýardam eder. Mysal üçin, hyzmatlaryňyza uýgunlaşmak täze innowasiýalara we täze hyzmatlaryň işlenilmegine alyp barýar.
Halkara söwda diňe ýokarda agzalanlaryň hemmesine kömek etmän, global söwda kompaniýanyňyzyň abraýyny, eýeleýän ornyny we derejesini artdyryp biler.
Gollanmada ara alnyp maslahatlaşylan indiki sorag “Meniň işim eksport etmäge taýynmy?”
Barha birek-birege bagly dünýäde ýaşaýarys diýilýär, bu ähli ululykdaky kärhanalara beýleki ýurtlaryň alyjylaryndan harytlaryna bolan isleg bildiriljekdigini aňladýar. Eksporta taýyn işewürlik, dünýä derejesinde bäsdeşlik nyrhy boýunça bazar hyzmatlaryny hödürlemek ukybyna, çeşmesine we dolandyryşyna eýedir. Işiňiziň halkara derejede eksport etmäge taýyndygyny ýa-da ýokdugyny kesgitlemek üçin, eksporta taýynlygyňyza baha berip bilersiňiz.
Gollanma eksport etmezden öň üns berilmeli aşakdaky ugurlar boýunça soragnamany hem hödürleýär:
-
Açyk we ýetip bolýan eksport maksatlaryny kesgitlemek. Eksport meýilnamasyny düzmek.
-
Eksport bazarlarynda hyzmatlaryňyzyň ÜSB (üýtgeşik satuw belliklerine) düşünmek.
-
Eksportyň nämäni talap edýändigi we netijelere ýetmek üçin meýilnama barada düşünjeli bolmak.
-
Halkara bazarynda üstünlik gazanmak üçin nämäniň gerekdigine düşünmek.
-
Halkara derejesinde söwda etmek ýa-da öwrenmek isleýän işgärleriňiziň bardygyny tassyklamak.
-
Eksporty giňeltmek üçin maliýe serişdeleriňiz barmy?
-
Bazar gözleglerini geçiriň we iň oňat halkara maksatly bazarlary kesgitlemek. Bular söwda birleşigine girýän goňşy ýurtlar ýa-da köp ilatly we satyn alyş güýji bolan ösen ýurtlar bolup biler.
-
Halkara marketingiň talaplaryna düşünmek.
-
Bäsdeşleriňizi öwreniň - eksport etmek isleýän ýurduňyzda ýerleşýän we halkara bäsdeşleri gözlemek.
-
Talap edilip bilinjek islendik düzedişleri göz öňüňizde tutmak.
-
Medeni we dil talaplaryna düşünmek.
-
Täze bazara çykmak strategiýaňyzy, eksport ediljek bazarlarynda önümleriňizi nädip we kime satjakdygyňyzy gözden geçirmek: işewürlere ýa-da sarp edijilere / araçy wekillerine / ygtyýarnama arkaly / eksport bazaryňyzda daşary ýurt göni maýa goýum etmek bilen bir kompaniýa döretmek arkaly satuwlary amala aşyrmak.
-
Barjak ýurduň düzgünlerine, eksport we import resminamalaryna, gümrük talaplaryna we proseduralaryna düşünmek.
Şeýle hem gollanma eksporta taýýarlygy bahalandyrmak gurallaryny ulanmagy teklip edýär.
Dünýäde önümiň eksporta taýyndygyny ýa-da ýokdugyny barlamaga gönükdirilen köp gural bar. Şeýle-de bolsa, eksporta taýynlyk baradaky karar telekeçilerde galýar. Ýo agzalanlara esaslanyp, eksport başlamazdan ozal kärhanaňyzyň täze bir işine taýynlygyňyz barada "öý işini" etmeli diýen netijä gelip bileris.
Bu neşir USAID-yň Merkezi Aziýadaky Söwda Maksatnamasy ORIENT maglumat portaly bilen bilelikde "Eksport ekoulgamy ösdürmek başlangyjy" atly rubrikanyň çäginde taýýarlandy.