Iň täze habarlar

Pomidor ösdürip ýetişdirýänleriň dykgatyna! Eksporty höweslendirmek üçin bäsdeşlik geçirilýär

14.08.2023 | 13:10 |
 Pomidor ösdürip ýetişdirýänleriň dykgatyna! Eksporty höweslendirmek üçin bäsdeşlik geçirilýär

USAID-yň Merkezi Aziýadaky söwda Maksatnamasy, pomidor öndürmek we eksport etmek bilen meşgullanýan Türkmenistandaky ýyladyşhana toplumlaryna iň oňat halkara agrosenagat kompaniýalaryndan pomidor ösdürip ýetişdirmek barada giňişleýin maslahat almak üçin mümkinçiligi döredýär.

Bu taslama gatnaşmagyň we hünärmenleriň ähli teklipleriniň dogry ýerine ýetirilmeginiň netijesinde Türkmenistandaky üç sany ýyladyşhana toplumy iň täze önümçilik usullaryny ornaşdyrmak arkaly hasyllylygy ýokarlandyrmagy kepillendirip biler.

Bu başlangyç, hil we azyk howpsuzlygy talaplaryny ýokarlandyran täze premium bazarlaryna girmäge kömek etmek üçin Türkmenistanyň ýyladyşhana toparynyň (pomidor öndürijileri) arasynda giňişleýin mümkinçilikleri ösdürmäge gönükdirilendir.

USAID-yň Merkezi Aziýa söwda Maksatnamasy Türkmenistanda 8 aýyň dowamynda (2023-nji ýylyň sentýabr (oktýabr) aýlaryndan 2024-nji ýylyň aprel aýyna çenli) oba hojalygy pudagyndaky iň oňat halkara maslahat beriş kompaniýalarynyň birinden pomidor ösdürip ýetişdirmek barada giňişleýin maslahat almak üçin bäsleşige gatnaşmak üçin pomidor öndürýän öňdebaryjy hususy kärhanalaryndan (ýyladyşhanalardan) ýüzlenmeleriň kabul edilşiginiň açylandygyny habar berýär. Bäsleşigiň netijesinde taslama gatnaşmak üçin üç (3) ýyladyşhana saýlanar.

Maslahatlar internet arkaly berler we ýyladyşhana pomidor önümçiligiň iň oňat halkara standartlaryny we tejribesini aşakdaky ugurlar boýunça ornaşdyrylmagyna gönükdiriler:

• Gündelik mikroklimat dolandyryş strategiýasyny işläp düzmek (ýyladyş, sowatmak we howa çalşygy);

• Ösümligiň ýagdaýyna hem-de suwaryş we zeýkeş suwlarynyň seljermesiniň netijelerine esaslanýan ösümlik iýmitleniş formulasyny işläp düzmek;

• Gündelik suwaryş strategiýasyny işläp düzmek;

• Ekinleriň ösüş tapgyryna baglylykda ekinlerileriň ösüşini sazlaýjylary (aminokislotalary, anti-stres serişdeleri we beýleki maddalary) ulanmagy meýilleşdirmek;

• Inžener-tehniki işgärlerini we ýyladyşhana işçi güýjüni ilkinji çeşmesi bolan okuw usullarynda taýýarlamak;

• Meýilnamalaşdyrmakdan hasabat bermeklige çenli işi guramak üçin iň oňat strategiýany işläp düzmek;

• Zyýan ýetirijilere gözegçilik etmekden başlap, ol zyýan ýetirijilere garşy goreşi dolandyrmagyň iň oňat tejribelerine çenli ekinleri goramak ulgamyny ösdürmek;

• M2 meýilnamasyna, önümçilik meýilnamasyna, kesiş tertibine we her pursatda zerur ýapraklaryň sanyna laýyklykda we ösdürip ýetişdirmek üçin iň amatly strategiýany işläp düzmek we ähli işler üçin zähmet çykdajylaryny meýilleşdirmek;

• Ösümlik keselleriniň, mör-möjekleriň we haşal otlaryň hapa eşikler, aýakgaplar we eller arkaly ýaýramagynyň öňüni almak üçin şahsy arassaçylyk we zyýansyzlandyryş protokollary (düzgünnamalar) boýunça okuw geçirmek;

• Täze maýa goýumlary ýa-da bar bolan desgalary gowulandyrmak zerurlygy ýüze çykan halatynda müşderä maslahat bermek;

• Kompaniýanyň agronomlarynyň internet arkaly yzygiderli ýygnaklaryny guramak;

• Dünýä azyk satyjylarynyň we ter miweleri we gök önümleri import edijileriň talaplaryna laýyklykda önümleriň hilini we bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak boýunça maslahat bermek.

Şu düwmä basyp, taslama gatnaşmak üçin onlaýn ýüzlenmäni dolduryp bilersiňiz.. Ýüzlenmäni tabşyrmagyň iň soňky güni - 2023-nji ýylyň 31-nji awgusty, sagat 18:00. Bäsleşigiň ýeňijileri (üç kärhana) 2023-nji ýylyň 8-nji sentýabryna çenli saýlanar we olara habar berler.

Soraglaryňyz bar bolsa, +99312 468247/49 jaň edip ýa-da soraglaryňyzy tca_exportsupport@dai.com adresine iberip bilersiňiz.

Saýlaw talaplary

(üstünlikli kompaniýalar aşakdaky talaplara laýyk gelmelidir)

  1. Ýüzlenme berlende, ýüz tutýan kärhana 2019-njy ýylda ýa ondan öň döredilen bolmaly.
  2. Hususy eýeçilik görnüşinde bolmaly.
  3. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň işjeň agzasy bolmaly.
  4. Jemi azyndan 6 gektar ýyladyşhana meýdany bolmaly.
  5. Pomidor eksport etmekde tejribesi bolmaly (Türkmenistandaky ähli eksport proseduralaryna we talaplaryna gowy düşünmeli).
  6. Taslama gatnaşjak döwründe iňlis dilini gowy bilýän, kompýuter başarnyklary bar bolan işgärleri (agronomlar we / ýa-da önümçilik dolandyryjylary) we / ýa-da terjimeçini işe alyp bilýän bolmaly.
  7. Halkara oba hojalyk geňeşçileriniň (konsultantlaryň) tehniki tekliplerini ýerine ýetirmek üçin maliýe, dolandyryş we tehniki çeşmeleri bolmaly.
  8. Halkara hünärmenler bilen ýeterlikli derejedäki aragatnaşyk saklamak üçin baş ofisde (binada) we önümçilik ýerinde gurnalan ýokary tizlikli internet birikmesi bolmaly.
  9. Önümçilige innowasiýa tehnologiýalary girizmek üçin ygrarlyly we ýolbaşçylyk ukyplaryň barlygyny görkezmeli.
  10. ISO, HACCP, GLOBALG.A.P ýaly halkara azyk önümleriniň hil we howpsuzlyk standartlarynyň haýsydyr biriniň talaplary girizilen ýa-da häzirki wagtda girizilýän bolmaly.
Foto: Orient.tm

Şeýle hem okaň: