Iň täze habarlar

Aşgabatdaky konsertde filmlerden alnan aýdymlar ýaňlanar

10.08.2023 | 20:24 |
 Aşgabatdaky konsertde filmlerden alnan aýdymlar ýaňlanar

Aşgabatdaky konsert möwsümi 20-nji awgustda ýaş ýerine ýetirijileriň çykyşy bilen açylar. Olar paýtagtyň myhmanlaryny we ýaşaýjylaryny meşhur sowet, türkmen, rus we daşary ýurt filmleriniň aýdymlary ýerine ýetiriljek “Film, film, film!” atly aýdym-saz agşamyna çagyrýarlar.

Aşgabat aýdym-saz agşamynda ýaş artistler - Aýlar Baýramowa, Anna Hommadowa, Marta Giris, Grigoriý Ambarsumow dagylar "Karnawal gijesi", "Göwher el", "Dogan-2", "Titanik", "Tiffaniňkide ertirlik", "Aýgytly ädim" ýaly kinolarda ýaňlanan aýdymlary ýerine ýetirerler. Konsertde meşhur aýdymçy Ýelena Oreşkina hem çykyş eder.

Aýdymçylaryň çykyşlary filmlerden alnan wideo şekiller bilen üsti ýetiriler - tomaşaçylar söýgüli kinolaryndan parçalary görüp we tanyş aýdymlary diňläp bilerler.

Konsert 20-nji awgustda paýtagtyň "Türkmenistan" kinokonsert zalynda bolar. Başlaýan wagty: 16:00.

Bilet satyn almak üçin jaň edip bilersiňiz: +993 62 93 74 41; +993 61 72 78 63.

ORIENT news

Foto: Pixabay

Şeýle hem okaň: