Iň täze habarlar

Awazanyň seýilgähi dynç alýanlary görkezişe çagyrýar – Hazaryň kenarynda konsert-marafon başlady

09.08.2023 | 22:59 |
 Awazanyň seýilgähi dynç alýanlary görkezişe çagyrýar – Hazaryň kenarynda konsert-marafon başlady

Çarşenbe güni agşam Hazaryň kenarynda, Awazada 10 günlük konsert-marafon başlandy. «Deniz» hojalyk jemgyýetiniň «Jadyly kenar» oýunlar seýilgähinde tomusky dynç alyşy tolgundyryjy aýdymlar we şatlyk bilen «düzetjek», türkmen estrada aýdymçylarynyň meýilnamalaşdyrylan ilkinji çykyşy geçirildi.

Meşhur ýerine ýetirijileriň 18-nji awgusta çenli dowam etjek konsert gezelenji Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi we Balkan welaýat häkimligi tarapyndan bilelikde guraldy. Sahnada aýdymçylara 13-nji awgustda Döwlet drama teatrynyň sungat işgärleri hem goşular. Olar «Geliň gülüşeliň!» tapgyryndan iň gowy komediýa sahnalaryny görkezerler.

Konsertiň tertibi we aýdymçylaryň doly sanawyny şu ýerden tapyp bilersiňiz.

Awazadaky «Jadyly kenar» seýilgähinde dynç alyş we güýmenje üçin ajaýyp şertler, şol sanda çagalar we ulular üçin attraksionlar, çagalar üçin oýun meýdançalary, «Haýwanat dünýäsi» zolagy, restoran we iki tomus kafesi bar.

ORIENT news

Foto: orient.tm

Şeýle hem okaň: