Iň täze habarlar

China daily: daşary ýurt KHBS-niň wekilleri Içerki Mongoliýanyň ösüşine haýran galdylar

18.07.2023 | 11:56 |
 China daily: daşary ýurt KHBS-niň wekilleri Içerki Mongoliýanyň ösüşine haýran galdylar
 China daily: daşary ýurt KHBS-niň wekilleri Içerki Mongoliýanyň ösüşine haýran galdylar

Daşary ýurt KHBS-niň we 13 ýurtdan kontent döredijileriň 20-den gowrak wekilleri «Hytaý bilen duşuşyk» atly halkara media-gezelenjine goşuldylar. Bu barada China daily habar berýär.

Olar Içerki Mongoliýa awtonom etrabynyň paýtagty Huh-Hoto baryp gördüler. Daşary ýurt mediasynyň işgärlerini Aziýa bilen Ýewropany birleşdirýän Ýüpek ýolunyň öri meýdanlary bilen tanyşdyrdylar.

M-GRASS kärhanasyna barlyp görülmegi gezelenje gatnaşyjylara Içerki Mongoliýanyň ekologiki tarapyny görkezdi. Kompaniýa tutuş ýurt boýunça öri meýdanlarynda, çöllerde, şahtalarda we suw-batgalyk ýerlerde daşky gurşawy gaýtadan dikeltmek üçin çözgütleri hödürleýär. Şu günki güne çenli M-GRASS 30 million mu (däp bolup gelýän hytaý meýdan ölçegi. Ol 1/15 ga deňdir) meýdany gaýtadan dikeltdi.

Mysal üçin, Huh-Hoto golaý ýerleşýän Çiliçuan çemenlikleri birwagtlar tebigy we antropogen faktorlar sebäpli çäge we çagyl bilen örtülendi. M-GRASS sebäpli çäkler gaýtadan dikeldildi. Kärhana suw, toprak, ösümlikler, haýwanlar we öri meýdanyndaky mikrobedenler baradaky ýerli ekologiki maglumatlaryň seljermesiniň esasynda ösümlikleriň kesgitli bir görnüşlerini ulandy.

Metbugat-gezelenjiniň çäklerinde myhmanlar şeýle hem Inner Mongolia Robot Co,Ltd (BKJD Robot) kompaniýasynyň işjeňligi bilen tanyşdylar. Ol sanly we intellektual enjamlaryň barlagy, işlenip düzülmegi we önümçiligi hem-de senagat robotlarynyň esasyndaky ulgamlar bilen meşgullanýar.

KHBS-niň wekilleri üçin dünýäde süýt önümlerini iri öndürijileriň biri bolan Yili Group-yň çäkleri boýunça gezelenji geçirdiler, ol golaýda intellektual saglyk jülgesini döretdi.

ORIENT habarlar

Foto: chinadaily.com.cn

Şeýle hem okaň: