Iň täze habarlar

China daily: Dünýäde ilkinji köptaraply maýa goýum ylalaşygyna gol çekildi

08.07.2023 | 11:17 |
 China daily: Dünýäde ilkinji köptaraply maýa goýum ylalaşygyna gol çekildi

Dünýäde ilkinji köptaraply maýa goýum ylalaşygynyň hukuk teksti soňuna çenli işlenildi – diýip, ýurduň söwda ministrligine salgylanyp, China daily habar berýär.

Ösüş maksady bilen maýa goýumlaryna goldaw bermek ylalaşygy dünýä maýa goýumçylarynyň ynamyny has hem berkider, bütindünýä maýa goýumlarynyň durnukly ösüşine ýardam eder. Ol şeýle hem maýa goýmak düzgünlerini ýönekeýleşdirmäge, şeýle hem serhedara maýa goýumlarynyň artmagyna ýardam etmäge niýetlenendir.

Ýokarda ady agzalan ylalaşygy taýýarlamak boýunça gepleşikler Bütindünýä söwda guramasynyň (BSG) agzalary tarapyndan 2020-nji ýylyň sentýabryndan bäri alnyp barlypdy. Haçanda ylalaşyk güýje girende ol BSG-nyň agzalygynyň çäklerinde agza-ýurtlar üçin hökmany bolar.

ORIENT habarlar

Foto: chinadaily.com.cn

Şeýle hem okaň: