Iň täze habarlar

China daily: Sanly ykdysadyýet boýunça bütindünýä maslahaty soňky tehnologiki täzelikleri görkezýär

06.07.2023 | 15:18 |
 China daily: Sanly ykdysadyýet boýunça bütindünýä maslahaty soňky tehnologiki täzelikleri görkezýär

Pekinde sanly ykdysadyýet boýunça bütindünýä maslahaty açyldy. Çäräniň gurnaýjylary bolup Pekiniň Halk hökümeti, täjirçilik Ministrligi, HHR-nyň senagat we informatizasiýa Ministrligi, şeýle hem internet-maglumatynyň Döwlet diwanhanasy çykyş etdiler- diýip, China daily habar berýär.

Bu ýyl maslahat «Maglumatlar ösüşi öňe sürýär, Intellekt gelejege alyp barýar» şygary astynda geçýär. Ol hem Hytaýdan, hem daşary ýyrtlardan sanly ykdysadyýet pudagynda özleriniň möhüm önümlerini görkezmek üçin ýüzden gowrak kärhanany özüne çekdi.

Maslahatyň maksatnamasy baş forumy, ýokary derejedäki alty mejlisi, şeýle hem tematiki forumlaryň we çäreleriň birnäçesini öz içine alýar. Gatnaşyjylar sanly tehnologiýalary netijeli peýdalanmagyň meselelerini, senagaty sanlylaşdyrmagy, kiberhowpsuzlygy ara alyp maslahatlaşarlar.

Dünýäniň 18 şäheriniň açylyş dabarasynda «Bütindünýä sanly ykdysadyýetinde şäherleriň hyzmatdaşlygy» taslamasyna badalga berildi. Bilelikdäki başlangyç bütin dünýä boýunça şäherleriň arasynda alyş-çalyşyga we hyzmatdaşlyga ýardam etmäge we açyk hem özara bähbitli bazar gurşawynyň alyş-çalyşygyna gönükdirilendir.

Taslama bütindünýä sanly ykdysadyýetiniň innowasion ösüşiniň howpsuzlygyny üpjün etmäge gönükdirilendir.

ORIENT habarlar

Foto: chinadaily.com.cn

Şeýle hem okaň: