BelTA: Täjigistan ŞHG-ny mundan beýläkde giňeltmegiň konsepsiýasyny işläp düzmegi teklip etdi
04.07.2023 | 16:03 |Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasynyň döwletleriniň baştutanlarynyň Geňeşiniň nobetdaky mejlisinde çykyş etmek bilen, Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahmon ŞHG-ny mundan beýläk-de giňeltmegiň konsepsiýasyny işläp düzmegi teklip etdi- diýip, BelTA habar berýär.
«Guramany orta möhletleýin gelejege mundan beýläk giňeltmegiň konsepsiýasyny işläp düzmek barada pikirlenmegiň wagty geldi» — diýip, ol beýan etdi, ŞHG-na bolup geçýän üýtgetmeleri göz öňüne tutmagyň we birek birege hormat goýmagyň esasynda hereket etmegiň gerekdigini belledi.
Emomali Rahmon şeýle hem Eýranyň ŞHG-nyň doly hukukly agzasy hökmünde birikmegini we Belorus tarapyndan ŞHG-na agza-döwletiň derejesini almak maksady bilen borçnamalar baradaky ähtnama gol çekilmegini makullady.
Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasynyň döwlet baştutanlarynyň sammiti Nýu-Delide 4-nji iýulda açyldy. Gün tertibine laýyklykda, sammitde ŞHG-nyň çäklerinde hyzmatdaşlygy mundan beýläkde çuňlaşdyrmagyň möhüm meselelerine, guramanyň işjeňligini giňeltmekligiň we kämilleşdirmekligiň meselelerine serediler.
ORIENT habarlar