Rus kompaniýasy Özbegistanda örän gysga wagtda atom elektrik stansiýasyny gurmaga taýýar
10.06.2023 | 13:39 |Russiýanyň “Rosatom” döwlet kompaniýasy degişli şertnama baglaşylandan soň, örän gysga wagtda Özbegistanda energiýa öndürijiligi 1,2 müň megabite deň bolan iki energiýa bloguny gurmaga taýýar. Bu barada Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň we Ýewraziýa Ykdysady Bileleşiginiň Ikinji ýaşlar forumynyň çäginde aýdyldy diýip “TASS” habarlar agentligi habar berýär.
Mälim edilişine görä, ilkinji atom elektrik stansiýasynyň gurulmagy Özbegistanyň ýurtda öndürilýän ähli elektrik energiýanyň 30 göterimini gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerinden almak baradaky meýilnamalaryna ýetmäge ýardam eder.
Özbegistanda ilkinji atom elektrik stansiýasyny gurmak baradaky gepleşikler 2018-nji ýyldan bäri alnyp barylýar. Şu ýylyň başynda bolsa, bu taslamanyň baş meýilnamasy taýýarlandy.
“Rosatom” atom energetika taslamalaryny taýýarlamak we durmuşa geçirmek boýunça iş alyp barýan dünýäde iň iri kompaniýalaryň biridir. Häzirki wagtda kompaniýa Türkiýede “Akkuýu” atom elektrik stansiýasynyň gurluşygyny alyp barýar.