Iň täze habarlar

China daily: Huawei öz hususy paýlaşdyrylan maglumatlar binýadyna badalga berýär

08.06.2023 | 16:52 |
 China daily: Huawei öz hususy paýlaşdyrylan maglumatlar binýadyna badalga berýär

Telekommunikasiýalar pudagynda iri kompaniýalaryň biri bolan Huawei Technologies Co hytaý kompaniýasy hususy bulutly maglumatlar binýadynyň soňky wersiýasyny GaussDB görkezdi – diýip, China daily habar berýär.

Bu Şençženden bolan kompaniýa üçin ýene-de bir öňegidişlik boldy. Onuň soňky işläp taýýarlamasy sortlap we täzeläp bolýan maglumatyň guramaçylykly toplumyny özünde jemleýär.

GaussDB maglumatlar binýady bilen işlemek üçin doly awtomatlaşdyrylan platformadyr. Huawei Cloud-yň baş direktory Çžan Pinan ony işläp düzmek boýunça işleriň 2001-nji ýylda başlanandygyny aýtdy. Häzir ol kompaniýanyň içerki IT-ulgamlarynda ulanylýar.

Postal Savings Bank of China we China Merchants Bank öz amallarynyň ulgamlarynyň esasynda GaussDB-ni üstünlikli ornaşdyrdylar.

«Aziýanyň banklarynyň köpüsi GaussDB-ni synag edýärler we ulanýarlar, muňa Günorta Amerikadaky müşderiler hem gyzyklanma bildirýärler» – diýip, Çžan sözüniň üstüne goşdy.

ORIENT habarlar

Foto: chinadaily.com.cn

Şeýle hem okaň: