Iň täze habarlar

Hazarüsti ulag ugry ýükleriň daşalma möhletini iki esse azaldýar – Tokaýew

08.06.2023 | 16:26 |
 Hazarüsti ulag ugry ýükleriň daşalma möhletini iki esse azaldýar – Tokaýew

8-nji iýunda Astanada açylan Halkara forumynda çykyş etmek bilen, Tokaýew Hazarüsti halkara ulag ugrunyň (Orta geçelge) ýükleriň daşalmagyny iki esse azaldýandygyny beýan etdi.

«Hytaýy we Ýewropany birleşdirýän orta geçelge sebitde ykdysady ösüş üçin täze mümkinçilikleri döredýär. Bu ugur Hindi ummany arkaly harytlaryň daşalyş wagtyny iki essä golaý kemelder» - diýip, Tokaýew aýtdy, onuň söwda we maýa goýumlary üçin täze mümkinçilikleri açýandygyny belledi.

Bu jähtde gazak lideri Hytaýyň 2013-nji ýyldan bäri ösdürýän «Bir guşak, bir ýol» başlangyjynyň möhümdigini nygtapdy.

Hut Astanada 2013-nji ýylda HHR-nyň başlygy Si Szinpin leksiýa okapdy, şonda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň birnäçe ugurlar boýunça hyzmatdaşlyk etmeginiň zerurdygy baradaky pikiri öňe sürüpdi. Muny «Ýüpek ýolunyň ykdysady guşagy» diýip atlandyrdylar.

ORIENT habarlar

Foto: https: trend.az

Şeýle hem okaň: