Nebit enjamlarynyň hytaý sergisi bütin dünýäden bu pudagyň ägirtleriniň ünsüni çekdi
05.06.2023 | 16:55 |Pekinde tamamlanan nebit we nebithimiýa enjamlarynyň we tehnologiýalarynyň 23-nji Hytaý halkara sergisi (CIPPE) dünýäniň iri nebitgaz kompaniýalarynyň birnäçesiniň ünsüni çekdi.
Dünýäde nebit enjamlarynyň iň abraýly sergileriniň biri hasaplanýan bu her ýylky geçirilýän görkezilişde bu ýyl dünýäniň 65 ýurdundan kärhanalar gatnaşdylar. Görkezilişe daşary ýurt wekiliýetleriniň 400-si gelip gördi.
Häzirki wagtda halkara nebitgaz kompaniýalarynyň köpüsi hytaý kompaniýalarynyň öňdebaryjy tehnologiýalaryna ünsi gönükdirýärler, şeýdip olaryň dünýä bazaryna çykmagyny tizleşdirýärler.
«Biziň magnit meýdanyny görkezýän tehnologiýamyz beýlekilere garanda 50% netijelidir we ýüze çykarmagyň uzaklygy we netijeliligi boýunça halkara derejesine gabat gelýär» — diýip, Hytaýyň milli nebit korporasiýasynyň (CNPC) ýanyndaky Inžener tehnologiýalarynyň ylmy-barlag institutynyň wekili Ýuan Guansze belleýär.
CNPC ştab-kwartirasy Pekinde ýerleşýän Hytaýyň iri nebitgaz kompaniýasydyr. Hytaýdan başga-da, kompaniýa 40-a golaý ýurduň çäginde nebiti we gazy gazyp çykarýar. 2002-nji ýyldan bäri kompaniýa nebitgaz ýataklarynda inžener-tehniki hyzmatlaryny hödürlemek bilen Türkmenistanda hem üstünlikli işläp gelýär.
ORIENT habarlar