Iň täze habarlar

Ilon Mask Bloombergiň wersiýasy boýunça ýene-de dünýädäki iň baý adam boldy

02.06.2023 | 16:04 |
 Ilon Mask Bloombergiň wersiýasy boýunça ýene-de dünýädäki iň baý adam boldy

Amerikan telekeçisi, Tesla we SpaceX kompaniýalaryny esaslandyryjy Ilon Mask Bloombergiň wersiýasy boýunça dünýäde iň baý adamlaryň sanawynda ýene-de birinji orny eýeledi.

Bloombergiň Billionaires Index-ne laýyklykda, işewüriň baýlygy ABŞ-nyň 192 mlrd dollary möçberinde hasaplanýar. LVMH toparynyň eýesi Bernar Arno ikinji ýere düşdi. Onuň baýlygy 187 mlrd dollar hasaplanýar.

Hut şu ýylyň özünde Teslanyň kömegi bilen Mask 55,3 mlrd gazanmagy başardy. Ýylyň başyndan bäri bu kompaniýanyň paýnamalary 66% artdy.

Dünýädäki iň abraýly we belli ykdysady neşirleriň biri Forbesiň reýtinginde bolsa —– Arno 215 mlrd baýlygy bilen «planetanyň iň baý adamy» adyny saklaýar. Bu sanaw boýunça Mask ikinji orunda ýerleşdi. Onuň girdejisi 200 mlrd dollar hasaplanýar.

Arno Bloombergiň reýtinginde geçen ýylyň dekabrynda tehnologiki senagatda kynçylyklaryň bolmagy sebäpli Maskdan öňe geçdi.

ORIENT habarlar

Foto: somanyhorses.ru

Şeýle hem okaň: