ŞHG-nyň KHBS-niň wekilleri «Bir guşak, bir ýol» başlangyjynyň ýerine ýetirilişi bilen tanyşdylar
29.05.2023 | 16:31 |«Bir guşak, bir ýol» başlangyjynyň çäklerinde hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasy KHBS-niň wekilleri üçin Hytaýyň gündogaryndaky Sýansu welaýatynyň Lýanýungan şäherine media-syýahat gurady.
Oňa Hytaýyň, Hindistanyň, Gyrgyzystanyň, Pakistanyň, Russiýanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň we ŞHG-nyň beýleki agza-döwletleriniň wekilleri gatnaşdylar.
4 günüň dowamynda olar Lýanýungandaky dokuz desga, şol sanda Lýanýunganyň nebit-himiýa senagatynyň bazasyna, ŞHG-nyň Halkara logistika desgasyna baryp gördüler.
Lýanýungan — bu kenarýaka şäheridir, bu ýerde Deňiz ýüpek ýoly täze Ýewraziýa gury ýer köprüsi bilen birleşýär, ol Ýuwaş ummanyny Atlantika ummany bilen birleşdirýän halkara geçelgesidir. Häzirki wagtda Lýanýungan özara bähbitli hyzmatdaşlyga ýardam edip, «Guşagyň we ýoluň» ugrundaky wajyp logistiki düzüm bolup hyzmat edýär.
Žurnalistler şeýle hem Hengrui Pharmaceuticals Co we Jiangsu Kanion Pharmaceutical Co atly Lýanýungandaky farmasewtika kärhanalaryna baryp gördüler, ol ýerde özbaşdak hereket edýän sehleriň işi, önümçilik hatarlary bilen tanyşdylar.
«Meniň bu ýerde görenlerimiň Hytaýyň farmasewtikasy baradaky meniň pikirimi köp babatda üýtgetdi. Men hytaý farmasewtika senagatynyň döwrebaplygyna we netijeliligine geň galdym» – diýip, Özbegistanyň Milli habarlar agentliginiň başlygy Muhammad Obidow belledi.