Iň täze habarlar

Iýunda Türkmenistanda döwlet eýeçiligine degişli emläkleri satmak boýunça bäsleşikli söwdada 36 desga satuwa çykarylar

29.05.2023 | 14:36 |
 Iýunda Türkmenistanda döwlet eýeçiligine degişli emläkleri satmak boýunça bäsleşikli söwdada 36 desga satuwa çykarylar

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi 7-nji iýunda bäsleşikli söwdanyň geçirilýändigini mälim etdi, onda döwlet eýeçiligine degişli 36 desga satuwa çykarylar. Bu baradaky bildiriş «Türkmenistan» gazetinde çap edildi.

Şeýlelikde, Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlaryndaky 13 kärhanasy döwlet eýeçiliginden aýrylar. Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi Mary we Daşoguz welaýatlaryndaky 2 desgany satuwa çykarar.

Mundan başga-da, Aşgabat şäher häkimligi, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynyň häkimlikleri, şeýle hem Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti, «Türkmenawtoulaglary» agentligi, Awtoulag ýollaryň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentligi, «Türkmenhaly» döwlet birleşigi we «Türkmenhimiýa» döwlet konserni öz desgalaryny satuwa çykararlar.

Bäsleşikli söwda 7-nji iýunda sagat 10:00-da Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň şu salgyda ýerleşýän binasynda geçiriler: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly, 156.

Habarlaşmak üçin telefonlar:
Aşgabat: +993 12 92-12-97;
Änew: +993 137 33-0-21;
Balkanabat: +993 222 7-89-34;
Daşoguz: +993 322 9-10-19;
Türkmenabat: +993 422 6-11-52;
Mary: +993 522 6-06-87.

ORIENT habarlar

Foto: ORIENT-iň redaksiýasy

Şeýle hem okaň: