Iň täze habarlar

Sanly ulag — ygtybarly we netijeli ösüş ýoly

23.05.2023 | 17:29 |
 Sanly ulag — ygtybarly we netijeli ösüş ýoly

Milli Liderimiz: «Ykdysadyýetimiziň çalt ösýän we geljegi uly pudaklary bolan ulag hem-de aragatnaşyk ulgamlaryny kämilleşdirmäge hem aýratyn üns berilýär. Häzirki döwürde gadymy Beýik Ýüpek ýolunyň geçen ugurlary amala aşyrylýan ulag-logistika strategiýasynyň esasynda goýuldy» diýip belläp geçýär.

Gahryman Arkadagymyzyň sözlerinden görnüşi ýaly, Ata-Watanymyz ulag-kommunikasiýa ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmakda, onuň işine sanly tehnologiýalary ornaşdyrmakda, ulag-logistika merkezlerini döretmekde we ulag diplomatiýasyny ilerletmekde täze başlangyçlara giň ýol açyldy.

Milli Liderimiziň başlangyçlary esasynda BMG-nyň ulag ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek hakynda yzygiderli kabul edilen dört Kararnamasyndan we GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň onlaýn tertibinde geçirilen mejlisinde Arkalaşygyň ýurtlarynyň Demirgazyk — Günorta hem-de Gündogar — Günbatar ugurlary boýunça durnukly ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmek ýaly giň möçberli başlangyçlardan ugur alyp, sebit we halkara derejesinde ulag we üstaşyr ulgamynda özara bähbitli gatnaşyklar ýola goýulýar.

Ulag-üstaşyr logistikasy dünýä möçberindäki söwdanyň ýokarlanmagyna we ýurtlaryň ykdysady taýdan ösmegine itergi berýär. Hut şu nazardan, Gahryman Arkadagymyzyň halkymyzyň baky bagtyýar hem-de abadan durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen beýik işlerini üstünlikli dowam etdirýän Arkadagly Serdarmyzyň parasatly baştutanlygynda ulag-kommunikasiýa toplumynyň pudaklaýyn edaralarynyň jemgyýetçilik hyzmatlary «Türkmenaragatnaşyk» agentligi tarapyndan dünýä tejribesini göz öňünde tutup tehnologiki öwrülişigi başdan geçirýär.

Iş ýüzünde milli ulag-komunikasiýa toplumlaryny sanlaşdyrmak we olary birleşdirmek iň möhüm syýasy-ykdysady we durmuş-jemgyýetçilik meseleleriniň innowsaiýa çözgüdidir.

Howa ýollary, demir ýollary we awtoýollary gatnawlarynyň petekleriniň elektron-onlaýn satuwy, onlaýn hasaba alynmak hyzmaty, onlaýn ýük daşamak hyzmatlary, onlaýn taksi çagyrmak usuly, awtobuslaryň elektron tölegi, sanly resminamalary uzak möhletleýin saklaýan maglumat binýady, şeýle hem e.gov.tm Döwlet hyzmatlarynyň bitewi portalynyň üsti bilen jemagat, ýaşaýyş jaý, bank we hyzmatlaryň beýleki görnüşlerini ulanmak hem-de olaryň töleglerini onlaýn amala aşyrmak hyzmatlary halk köpçüligi tarapyndan giňden peýdalanylýar.

Sanly ulag ulgamy köp zähmet talap edýän amallary ýönekeýleşdirýän we çykdajylary azaldýan logistika usuly bolup, ulag ulgamynyň netijeli gözegçiligini üpjün edýän, tehniki hyzmatlaryň innowasion çözgütlerini işläp taýýarlaýan, ýagny ugradylýan harytlary dolandyrmak we yzarlamak, iş akymyny awtomatlaşdyrmak ýaly hyzmatlary amala aşyrýan, tranzit ýükleri we söwda dolanyşygyny amatlaşdyrylan tehnologiýa döwrüniň gelejegi aýdyň ugurlarynyň biridir.

Sanly ulag-kommunikasiýa ulgamy daşamagyň netijeliligini ýokarlandyryp, elektroniki resminamalary awtomatlaşdyrylýar, kagyzsyz resminamalar bolsa wagty tygşytlamak bilen maglumat alyş-çalyş tizliginiň ýokarlanmagyna sebäp bolýar.

Demirýollary we awtoýollary, howaýollary we deňiz-derýa ýollarynyň halkara gatnawlarynyň sanlylaşdyrylmagy halkara we dostlukly hyzmatdaşlyklary berkitmek, logistika maglumatlary alyş-çalyş etmek, şeýle hem halkara derejesinde ygtyýarly guramalar bilen kanuny taýdan möhüm elektroniki aragatnaşyk saklamak üçin niýetlenendir.

Aziýanyň we Ýewropanyň transkontinental magistrallaryň sanly hyzmatlary diňe bir tranzit gatnawlarynda amatlyklary döretmän, eýsem Ýewroaziýa yklymynyň ähli ýurtlarynyň ösüşine hem işjeň kömek edýär.

Netijede, häzirki zaman jemgyýetiniň durmuş kadalarynyň ähli ugurlaryna uly täsirni ýetirýän sanly ulgamyň ösüşleri dünýä ýurtlarynyň we ýaşaýyş-durmuş ýagdaýlarynyň täze innowasiýa amatlyklaryny emele getirýär.

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň
Himiýa tehnologiýasy we ekologiýa fakultetiniň
Nebiti we gazy gaýtadan işlemegiň
himiki tehnologiýasy hünäriniň
2-nji ýyl talyby Güljemal Öwezgeldiýewa

Foto: redaksiýanyň arhiwinden

Şeýle hem okaň: