Iň täze habarlar

Sinhua: Hytaýyň önümçilik däl işewür işjeňligi ösüşleri görkezýär

01.05.2023 | 14:09 |
 Sinhua: Hytaýyň önümçilik däl işewür işjeňligi ösüşleri görkezýär

Hytaýyň işewür işjeňliginiň önümçilik däl görkezijisi hyzmatlar ulgamynyň tiz dikelmegi we gurluşyk pudagynyň depginli ösmegi sebäpli dört aý bäri yzygiderli ösüşleri görkezýär. Bu barada ýekşenbe güni çap edilen resmi maglumatlara salgylanyp, Sinhua agentligi habar berýär.

Milli statistika býurosyna laýyklykda aprelde Hytaýyň önümçilik däl pudagynyň işewürlik işjeňliginiň görkezijisi 56,4 % deň boldy. 50%-den ýokary görkeziji işewürlik işjeňliginiň janlanandygy barada, 50%-den pes bolmagy bolsa – ykdysady ýagdaýyň erbetleşýändi barada aýdýar.

Soňky aýlarda Hytaýyň önümçilik pudagynyň işewürliginiň işjeňliginiň görkezijisi 56-58% aralygynda galypdy, bu bolsa bu pudagyň durnukly ösüşine we onuň ýurduň JIÖ-ne möhüm goşandyna şaýatlyk edýär.

Işewürlik işjeňliginiň görkezijisi boýunça ykdysadyýetde ýa-da onuň aýratyn pudaklarynda näme bolup geçjekdigini hemme zatdan öňürti çaklamak bolýar. Ol düzülende täze sargytlaryň möçberine, önümçiligiň möçberine, önümi üpjün etmegiň möçberlerine, zähmet bazaryndaky iş bilen üpjünçilige, satyn almalaryň bahalaryna, şeýle hem ätiýaçlyklara baha berilýär.

ORIENT habarlar

Foto: english.news.cn

Şeýle hem okaň: