Iň täze habarlar

Türkmen milli konserwatoriýasynda ýaş kompozitorlaryň çykyşy: sözsoňy däl, sözbaşy

23.04.2023 | 23:58 |
 Türkmen milli konserwatoriýasynda ýaş kompozitorlaryň çykyşy: sözsoňy däl, sözbaşy

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň kiçi zalynda “Kompozisiýa we saz gurallary öwreniş kafedrasynyň hepdeliginiň” soňky gününde kompozisiýa synpynyň talyplarynyň döreden eserlerinden düzülen konsert geçirildi. Çykyş edýänler bu çärä çynlakaý we jogapkärçilikli taýýarlandylar. Konsert zalynda diňe bir konserwatoriýanyň talyplary we mugallymlary däl, eýsem sazçylyk mekdep-internatynyň mugallymlary, şeýle-de ýaş awtorlaryň ýakynlary we dost-ýarlary ýygnandy.

Olary tanatmagyň tüýs wagty: Kompozitor Kerimguly Garowowyň ýolbaşçylyk edýän kafedrasynda sekiz mugallym we on bir talyp bar. Garowowyň özi hünäri boýunça bäşinji ýylda okaýan iki takyby hem-de üçünji ýyl talyby Arslan Ýagşynazarowy taýýarlaýar.

Konsertde Arslan fortepiano üçin Sonatinany ýerine ýetirdi. Bu eser adaty däl kompozitor ýazuw usullaryny ulanmak arkaly ýazylan. Birdenkä, diňleýjiler üçin garaşylmadyk ýagdaýda Arslan roýalyň klawişlerinde däl-de, açyk kirişerinde glissando (elini saga ýa-da çepe geçirmek bilen, hut arfa saz guralyny çalýan ýaly) we pissikato (kirişleri dartmak arkaly) usullarynda saz çalmaga başlady.

1.jpg

Şondan soň, Arslan zaldaky myhmanlara şu gün üçin ýörite sowgat hökmünde “Sensiz” atly aýdymy taýýarlandygyny aýtdy we ony tomaşaçylaryň dykgatyna ýetirdi. Aýdymyň sözlerini-de Arslanyň özi ýazdy.

Edil Kerimguly Garowowda bolşy ýaly, Türkmenistanyň halk artisti, kompozitor Daňatar Hydyrowyň şägirtleriniň arasynda bäşinji ýyl talyby bar, ýakyn wagtda ol erkin döredijilik ýoluna düşer. Ýöne ondan başga-da, dördünji ýyl talyplary Perman Täşliýew we Ýazgeldi Gulanow dagylar hem ussat halypadan kompozitorlygyň inçe tilsimlerini ele alýarlar.

Konsertde Ýazgeldi Gurbannazar Ezizowyň “Sen geldiň-de” atly goşgusyna ýazylan romansy ýerine ýetirdi. Ýaş kompozitoryň meşhur türkmen şahyrynyň goşgusyny saýlap almagy tötänleýin däl. OL hem, edil Gurbannazar Ezizow ýaly we ägirdiň döwürdeşleriniň hakydasynda galyşy deý, ak ýürekli, mylaýym, açykgöwünli we medeniýetli ýaş ýigit.

2.jpg

Türkmenistanyň halk artisti, kompozitor Baýramdurdy Hudaýnazarowyň şägirdi, dördünji üyl talyby Begmyrat Hudaýberdiýew Magtymguly Pyragynyň “Başdan dogrusy” atly goşgusyna ýazan wokal-instrumental eserini tomaşaçylaryň dykgatyna hödürledi. ORIENT-iň okyjylary onuň bilen eýýäm tanyş. Begmyradyň Magtymgulynyň koreý diline terjime edilen “Türkmeniň” goşgusyna ýazan aýdymyny türkmen wekiliýeti Koreýada geçirilen “Türkmenistanyň medeniýet günleri” çäresine sowgat alyp gitdiler.

Onuň bu konsert üçin taýýarlan saz eseri ýerine ýetirijileriň adaty bolmadyk ajaýyp düzümi bilen tapawutlandy. Ýaş kompozitor sazyň iki görnüşini - akademiki (pianino we wokalçy) we adaty (dutar we gyjak) deňeşdirdi. Gyzykly saz simbiozy emele geldi.

3.jpg

Baýramdurdy Hudaýnazarowyň başga bir üçünji ýyl talyby Nurmuhammet Jomartow tomaşaçylara “Skerso” pianino eserini sowgat berdi. Zehinli ýaş kompozitor ady “degişme” diýen manyny berýän eseriň žanrynyň düýp manysyny diňleýjä ýetirmegi başardy. Bu eser ýaşlyk joşguny, ajaýyp sazlaşyk, özüne çekiji saz öwrümleri we gyzykly ritmiki kombinasiýalar bilen doldurylan.

Türkmenistanyň at gazanan sungat işgäri, kompozitor Suhan Tüýliýew bäşinji ýyl talyby Saparmyrat Baýlyýewe we geçen tomus konserwatoriýa okuwa giren Handurdy Ataýewe halypalyk edýär. Muňa garamazdan, Handurdy eýýäm birnäçe eseriň awtory. Şolaryň biri "Ýatlama" atly fortepiano saz eseri. Ony diňläniňde, ata watana, ene topraga, kalbyňda ýakymly, ýyly duýgulary döredýän zatlaryň hemmesine bolan söýgä ýugrulyp ýazylan eserdigine göz ýetirmek bolýar. Saparmyradyň “Hyjuw” atly skripka we fortepýano üçin döreden eseri çylşyrymly duýgulardan habar berýär.

Kompozitor Aýna Şirowanyň şägirdi Çary Amannyýazow ozal kafedranyň dosenti, kompozitor Jeren Gurbangylyjowanyň ýolbaşçylygynda saz sungatynyň inçe tilsimlerini özleşdirýärdi. Halypa onuň saza düşünmek, saz eserini döretmekde wajyp bolan ukyp-başarnyklaryny taraşlapdy.

Diňleýjiler onuň "Güýz" romansy bilen tanyşdylar. Bu eser her kimiň şadyýan we mylakatly ýigit hökmünde tanaýan talybyny düýbünden başga tarapdan açyp görkezdi. Romansyň owazy liriki, hyýaly we şol bir wagtyň özünde azajyk gussaly.

Konsertiň ahyrynda Kompozisiýa we saz gurallary öwreniş kafedrasynyň müdiri Kerimguly Garowow geçen hepdeligiň wakalaryny jemläp, dabaraly çykyş etdi. Ol bu göwrümli we täsirli çäräniň guramaçylyk işlerine gatnaşandyklary üçin kafedranyň talyplaryna, mugallymlaryna we dostlaryna minnetdarlyk bildirdi.

ORIENT news

Foto: orient.tm

Şeýle hem okaň: