Iň täze habarlar

China daily: «Hytaý bilen duşuşyk» atly media-syýahat daşary ýurt žurnalistlerini HHR bilen tanyşdyrar

13.04.2023 | 16:09 |

Günorta Hytaý welaýaty Haýnanyň paýtagty Haýkou şäherinde «Hytaý bilen duşuşyk» atly halkara media-syýahata badalga berildi – diýip, China daily habar berýär.

Şu ýyl Hytaý tarapyndan teklip edilen «Bir guşak, bir ýol» başlangyjyna 10 ýyl bolýar. Şol sebäpli syýahatyň çäklerinde daşary ýurtly we ýerli žurnalistler, diplomatik wekilhanalaryň işgärleri, bilermenler we daşary ýurtly beýleki myhmanlar Hytaýyň KHBS-niň žurnalistleri bilen ýurtda bu döwürde bolup geçen özgertmeleri öwrenmek üçin Haýnana baryp görerler. Olar şeýle hem döwrebaplaşdyrmak üçin Hytaýda bar bolan mümkinçilikler bilen tanyşarlar.

«Siwilizasiýaly alyş-çalyşlaryň ösüşi, özara ykdysady bähbitlere ýardam etmek» temasyna bagyşlanan syýahatyň birinji ugry gatnaşyjylary Haýkou, Uçžişan, Linşuý we Sanýa şäherlerine getirdi. Olar Hytaýdaky ilkinji deňiz geçelgesi bolan Guandun-Haýnan demir ýol parom terminalyna, Haýkounyň taryhy köçelerine baryp gördüler.

ORIENT habarlar

Foto: chinadaily.com.cn

Şeýle hem okaň: