Iň täze habarlar

Hytaýda sarp edilýän harytlaryň halkara sergisi geçirilýär

12.04.2023 | 17:31 |
 Hytaýda sarp edilýän harytlaryň halkara sergisi geçirilýär

Hytaýyň sarp edilýän harytlaryň üçünji halkara sergisi (CICPE) Haýnan welaýatynyň dolandyryş merkezi Haýkou şäherinde bu halkara görkezilişe gelýän myhmanlar üçin öz diwarlyklaryny açdy.

«Açyk mümkinçilikleriň bilelikde peýdalanylmagy we ajaýyp durmuşy döretmek» şygary astynda geçýän sergi gaýtadan dikeldilmegi höweslendirmäge we sarp etmekligi özgertmäge gönükdirilendir, şeýle hem tutuş dünýädäki kompaniýalara Hytaýyň bazaryny bilelikde özleşdirmek üçin mümkinçilikleri döretmäge gönükdirilendir.

Görkeziliş Hytaýdan, şeýle hem beýleki ýurtlardan parfýumeriýa, zergärçilik bezeglerine, ýörgünli oýunjaklara we ş.m. ýöriteleşen 3300 sarp edijilik brendlerini ýygnady. Olaryň 300-den gowragy sergä ilkinji gezek gatnaşýar. Oňa 50 müňden gowrak satyn alyjynyň we täjirçilige ýykgyn edýänleriň barmagyna garaşylýar.

Meselem, Italiýa — serginiň myhman-ýurdy —1800 inedörül metr meýdanda 147 brendiň harytlaryny görkezmek bilen gatnaşýar.

Bu ýyl serginiň meýdanynyň 120 müň inedördül metre ýetendigini, geçen ýyl bilen deňeşdireniňde munuň 20% artandygyny belläp geçmelidiris.

Bu ýyl sarp ediş harytlarynyň Hytaý halkara sergisi ekologik taýdan arassa, akylly-başly we sagdyn sarp etmeklige bagyşlanandyr. Serginiň çäklerinde meýilleşdirilen çäreleriň birnäçesi hem rejeli sarp etmekligi höweslendirmäge bagyşlanýar.

Sarp etmek babatynda innowasiýalaryň Üçünji Bütindünýä forumy serginiň çäklerindäki baş çäreleriň biridir.

Sergi 15-nji aprele çenli dowam eder.

ORIENT habarlar

Foto: chinadaily.com.cn, şekilli görnüş: cctvplus.com

Şeýle hem okaň: