Iň täze habarlar

China daily: ýer titremäniň netijelerine garamazdan, tomus Türkiýe syýahatçylygyň gyzgalaňly bomagyna garaşýar

11.04.2023 | 18:24 |
 China daily: ýer titremäniň netijelerine garamazdan, tomus Türkiýe syýahatçylygyň gyzgalaňly bomagyna garaşýar

Türkiýäniň Ortaýer deňiz kenary fewraldaky weýrançylykly ýer titremesiniň netijelerine garamazdan, bu tomus syýahatçylaryň köp sanlysyna garaşýar. Bu barada pudagyň hünärmenlerine salgylanyp, China daily habar berýär.

«Geçen ýyldaky daşary ýurtly syýahatçylaryň gelip görýändigi we girdeji baradaky oňyn maglumatlar bizde häzirki tomus möwsüminiň başyna umyt döretdi» - diýip, Alanýanyň Syýahatçylyk otelýerleriniň birleşmesiniň başlygy Burhan Sili aýtdy.

Ozal fewraldaky tebigy betbagtçylyklardan soňra sargyt edilen ýerleriň sanynyň kemelendigi habar berlipdi. Ýöne tiz wagtdan ýagdaý gowulandy.

Şeýlelikde, ýerli dolandyryş tarapyndan apreliň başynda çap edilen maglumatlara görä, Türkiýäniň esasy şypahana ýerleriniň biri bolan Alanýada şu ýylyň ilkinji üç aýynda geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde daşary ýurtly syýahatçylaryň sany 55% artdy.

«Umuman, biziň baha bermegimize görä, biz 2023-nji ýylyň möwsümini 2022-nji ýylyňka garanda gowy görkezijiler bilen tamamlarys» - diýip, Sili nygtady.

Iri nemes syýahatçylyk kompaniýasy TUI-iň wekili Kaan Sahinalp hem pudagyň geljegine bu ýylda oňaýly baha berdi. Onuň aýtmagyna görä, Türkiýe köp daşary ýurtlylar üçin ýene-de esasy syýahatçylyk ugurlarynyň biri bolar.

Syýahatçylyk pudagy Türkiýäniň ykdysadyýetinde möhüm orun eýeleýär. Geçen ýyl ýurduň bu pudakdan alan girdejisi onuň tutuş taryhynda iň ýokary bolupdy. 51 million daşary ýurtlynyň gelip görmegi bilen girdeji 46,3 mlrd dollara çenli ösdi.

ORIENT habarlar

Foto: www.chinadaily.com.cn

Şeýle hem okaň: